Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

22.08.2014 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine, şeýle hem möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy. 

 

18.08.2014 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow karbamid öndürýän zawodyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. 

 

23.05.2014 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

21.05.2014 Magtymgula bagyşlanýar

Beýik türkmen şahyry we akyldar Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda nusgawy şahyryň hormatyna ýurdumyzda, şeýle hem daşary döwletlerde köp sanly dabaraly çäreler guraldy.

20.05.2014 «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda V Halkara gaz kongresi öz işine başlady

Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda V Halkara gaz kongresi we oňa gabatlanylan pudaklaýyn sergi açyldy.

ÝAT-nyň 19-njy Umumy mejlisiniň jemleri boýunça köpçülikleýin beýannama

2013-nji ýylyň 12–15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde (Türkmenistan) ÝAT-nyň 19-njy Umumy mejlisi we iş toparlarynyň mejlisleri geçirildi.

 

08.09.2013 Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 30-si hasaba alyndy. 

 

29.08.2013 Türkmenistanyň gurluşyk senagatyna bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat öz işini tamamlady

Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmengurluşyk--2013” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahat öz işini tamamlady.


TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

 

08.07.2019 2019-njy ýylyň 1-5-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde  «Pul we gymmatlyklar geçirimleri hyzmatynyň bikanun ulanylyşy» atly sebitara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

08.07.2019 2019-njy ýylyň 1-4-nji iýuly aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde «Egmont» toparynyň umumy mejlisi we onuň işçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

24.06.2019 2019-njy ýylyň 20-21-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek babatynda maglumat tehnologiýalaryna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

24.06.2019 2019-njy ýylyň 16-21-nji iýuny aralygynda ABŞ-nyň Orlando şäherinde geçirilen Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän (FATF) toparyň umumy mejlisine we onuň işçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

12.06.2019 2019-njy ýylyň ýylyň 10-11-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-njy ýyl üçin ylalaşylan iş meýilnamasynyň çäklerinde «Bellenen maliýe däl edaralar we kärhanalar pudagynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça öňdebaryjy tejribeler» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň we ýurdumyzyň hususy böleginiň wekilleri gatnaşdylar.

 

26.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 17–22-nji fewraly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

04.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 29–31-nji ýanwary aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

Bildiriş TM

 

 

28.08.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Latwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary meýilleşdirilýär.

 
Copyright 2010-2019 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy