Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

02.11.2014 Türkmenistan – jemi içerki önümiň ösüş depginleri boýunça dünýä liderleriniň biri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň üstünligi Halkara pul gaznasy tarapyndan ykrar edildi 

 

27.10.2014 Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Şu gün agzybir we bitewi türkmen halky esasy hem-de beýik baýramçylyk hasaplanýan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk toýuny toýlady.

25.10.2014 Türkmenistan daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňdebaryjy neşirleri biziň ýurdumyza ýörite sahypalary bagyşlady. “LOOKWE”, “Business Сentral Asiýa”, “Image.

22.10.2014 Türkmenistanyň Prezidenti “Dongil Construction Corp.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dongil Construction Corp.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Koh Jae-ili kabul etdi. 

 

21.10.2014 Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulular maslahatynyň çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

21.10.2014 Türkmenistanda Meksikanyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marta Ýelena Federiki Barsena Kokiden ynanç hatyny kabul etdi. 

 

20.10.2014 Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisi

Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisi geçirildi. Ol türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm waka öwrüldi.

20.10.2014 Türkmen mugallymlary okatmagyň täze tehnologiýalaryny we usullaryny özleşdirýärler

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Halkara hyzmatdaşlygy boýunca German jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda “Merkezi Aziýada bilim ulgamynyň özgertmeleri” üç fazaly bilim maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde işler işjeň alnyp barylýar.

26.08.2014 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owadandepede guruljak tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

 

24.08.2014 Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň käbir pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

 

08.07.2019 2019-njy ýylyň 1-5-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde  «Pul we gymmatlyklar geçirimleri hyzmatynyň bikanun ulanylyşy» atly sebitara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

08.07.2019 2019-njy ýylyň 1-4-nji iýuly aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde «Egmont» toparynyň umumy mejlisi we onuň işçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

24.06.2019 2019-njy ýylyň 20-21-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek babatynda maglumat tehnologiýalaryna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

24.06.2019 2019-njy ýylyň 16-21-nji iýuny aralygynda ABŞ-nyň Orlando şäherinde geçirilen Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän (FATF) toparyň umumy mejlisine we onuň işçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

12.06.2019 2019-njy ýylyň ýylyň 10-11-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-njy ýyl üçin ylalaşylan iş meýilnamasynyň çäklerinde «Bellenen maliýe däl edaralar we kärhanalar pudagynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça öňdebaryjy tejribeler» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň we ýurdumyzyň hususy böleginiň wekilleri gatnaşdylar.

 

26.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 17–22-nji fewraly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

04.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 29–31-nji ýanwary aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

Bildiriş TM

 

 

28.08.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Latwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary meýilleşdirilýär.

 
Copyright 2010-2019 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy