Terrorçylaryň we ekstrmistleriň sanawy

esasy

 

 

 

Terrorçylygyň we ekstremizmiň

maliýeleşdirilmegine garşy hereket

 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy tarapyndan alnyp barylýan işleriň esasy we hökmany ugurlarynyň biri jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmekdir. Türkmenistanyň „Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek hakyndaky kanunyny ýerine ýetirmek üçin Gulluk öz işine başlan gününden bäri Türkmenistanyň içinde we onuň çäginiň daşynda terrorçylygy we ekstremizmi maliýeleşdirýän şahsy adamlara we guramalara gatnaşygy mümkin bolan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen geçirilen amallar (geleşikler) barada gelip gowuşýan maglumatlary seljerýär we olary gaýtadan işleýär. Zerur ýagdaýlarda ýokarda görkezilen serişdeleri togtatmak barada degişli çäreleri görýär.

 

Türkmenistanyň MGG-nyň işgärleri „Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmegiň Milli ulgamyny“ kämilleşdirmek  boýunça işçi toparlaryň işine aktiw gatnaşýarlar. Bu işçi toparlaryň işleriniň netijesinde düzgünnama işlenip düzüldi we tassyklandy.

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmekde kanunçylygy  düzgünleşdirmek we  kämilleşdirmek, şeýle hem ekstremizmi maliýeleşdirmek bilen bagly işleri ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we derňemek boýunça MGG-nyň  işi üçin hukuk esaslaryny döretmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken käbir hukuk kadalaşdyryjy ykrarnamalaryna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda  birnäçe kanunçylyk taslamalary işlenip düzüldi.

 

MGG-nyň resmi saýtynda „Al–Kaýda“ halkara terrorçylyk guramasy we onuň liderleri bilen bagly adamlaryň we guramalaryň ýörite sanawy ýerleşdirildi. Maglumatlaryň gelip gowuşmagyna baglylykda  sanaw täzelenýär.

 

 

BMG tarapyndan düzülen 1267 (1999) we 1989 (2011) rezolýusiýalara laýyklykda Al-kaýda bilen bagly adamlaryň, toparlaryň, kärhanalaryň we beýleki guramalaryň sanawy

 

BMG tarapyndan düzülen 1988(2011) rezolýusiýanyň 1-nji paragrafy bilen girizilen çärelere degişli adamlaryň sanawy

 

BMG-niň Howsuzlyk Gullugynyň 1518 (2003) rezolýusiýasy 

 

BMG-niň Howpsuzlyk Gullugynyň jemleýji çäklendirmeleriniň sanawy

AttachmentSize
1267 (1999) al-qaida (02.02.2023 täzelenen).html696.43 KB
1267 (1999) al-qaida (02.02.2023 täzelenen).xml1018.11 KB
1988 (2011) taliban (30.01.2019 täzelenen).html433.17 KB
1988 (2011) taliban (30.01.2019 täzelenen).xml487.5 KB
BMG-niň Howpsuzlyk Gullugynyň jemleýji çäklendirmeleriniň sanawy consolidated.html2.32 MB
BMG-niň Howpsuzlyk Gullugynyň jemleýji çäklendirmeleriniň sanawy consolidated.xml1.89 MB