|
|||||
![]() |
tipologiýa
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça tipologiýasynyň öwrenilişi
MGG-nyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarlyklaryna laýyklykda, bikanun girdejileri ň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça tipologiýalarynyň öwrenilişi we şeýle jenaýatçylyklara garşy hereket etmek barada tejribe alyşmak esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Tipologiýa diýlip, ylmy akyl ýetirmegiň usulýetine aýdylýar we onuň düýp esasynda obýektleriň ulgamyny böleklere bölmek we olary umumylaşdyrylan nusganyň we tipiň kömegi bilen toparlamak aýratyndyr. Maliýe gözegçiligi gulluklarynyň işiniň tipologiýasyny öwrenmegiň maksady - bikanun girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň ýollaryny ýüze çykarmagyň netijeleligini ýokarlandyrmakdyr. Bu maksat iki sany kiçi bölege bölünýär:
- Girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň belli bolan ýollaryny ýüze çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak; - Täze usullary ýüze çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak.
Tipologiýalar MFB-niň geçirýän maliýe derňewleriniň materiallaryny, şeýle hem jenaýat işleriniň materiallaryny seljermegiň esasynda kesgitlenýär. Tipologiýalara FATF-yň we FATF kysymly ähli sebitleýin gurluşlaryň, şol sanda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmekdäki Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) işinde uly üns berilýär.
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygy maliýeleşdirilmegiň halkara häsiýetligini we onuň halkara howpsuzlygyna global howp salmasynyň häzirki zaman möçberini göz öňünde tutup, MGG tipologiýalary öwrenmekde ÝAT, FATF we FATF kysymly sebitleýin toparlar bilen, şol sanda, tipologiýa boýunça bilelikdäki okuwlaryň çäginde özara hereket edýär.
ÝAT-nyň çäginde tipologiýa barada geçirilen okuwlar: 2005-nji ýylyň noýabrynda Moskwada (Russiýa); 2006-njy ýylda noýabrda Şanhaýda (Hytaý) FATF bilen bilelikde; 2007-nji ýylda Almaatada (Gazagystan); 2009-njy ýylda Moskwada (Russiýa); 2018-njy ýylda Nowosibirskda (Russiýa);
Tipologiki hasabatlar
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň tipologiýasynyň öwrenilişiniň netijelerini çap etmek, şol sanda ýygyndy görnüşinde, edil hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň işgärleri ýaly, hususy bölegiň guramalarynyň işgärleriniň bu jenaýatçylyklary ýüze çykaryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Tipologiýanyň öwrenilişi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegine garşy synanyşyklaryň has netijeli üstüniň açylyşyna, şeýle hem bu jenaýatlaryň amala aşyrylmagynyň öňüni almaga we bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribesine esaslanyp, bikanun alnan pullaryň kanunlaşdyrylmagyna predikat (habarly bolmak) hasaplanýan kanuna garşy hereketleriň beýleki görnüşleriniň deliliniň soňuna çykmaga ýardam edýär.
ÝAT-yň tipologiýa hasabatlarynyň ýygyndysy
FATF-yň tipologiýa hasabatlarynyň ýygyndysy
Benefisiar eýeçiliginiň ýaşyrylmagy (07.2018)
|
||||