|
|||||
![]() |
maglumat-tehnologiki üpjünçiligi
Türkmenistanyň MGG-nyň işiniň Maglumat-Tehnologiki Üpjünçiligi
Türkmenistanyň MGG-y enjamlary üpjün etmek we gurnamak we maliýe gözegçiligi subýektlerinden maglumatlary almak we alynýan maglumatlaryň binýadyny saklamagyň programma üpjünçiligini ýöredýär. Şeýle hem, MGG-nyň IT-ulgamynyň işi boýunça birnäçe beýleki çäreler durmuşa geçirildi:
- kanunçylyga laýyklykda hasabat bermäge degişli edaralardan hemişelik esasda alynýan maglumatlar hem-de gaýry çeşmelerden gelip gowuşýan maglumatlardan ybarat bitewi maglumatlar binýady ýöredilýär;
- gullugyň hemme işgärleri öz wezipelerini ýerine ýetirmek üçin ähli tehniki enjamlary bilen üpjün edilen;
- gullugyň işgärleriniň kompýuterleri aýratyn tora çatylan we bu toryň kömegi bilen maglumatlary we resminamalary alyşýarlar;
- gullugyň alyp barýan işi we geçirilýän çäreler baradaky maglumatlary we täzelikleri resmi internet saýty www.turkmenfmd.gov.tm üsti bilen köpçülige ýetirilýär.
|
||||