pudagara iştopary

esasy

 

 

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça

utgaşdyryjy pudagara topary 

 

 

Utgaşdyryjy pudagara topary hakynda düzgünnama № 209 29.07.2022 ý. )

 

Pudagara iş topary jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça döwlet edaralaryň, maliýe guramalaryň, harby we hukuk edaralarynyň,  hem-de maliýe däl guramalaryň we hususy sektorynyň bu ugurda alyp barýan işini utgaşdyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen hereket edýär.

 

Pudagara topar öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň beýleki kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, hem-de şu Düzgünnamany goldanýar.

 

 

Pudagara toparynyň maksatlary:

 

1) «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem hususy taraplaryň özara hereket etmek boýunça işlerini utgaşdyrmak;

2) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara ülňeleriň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmak;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça pudaklaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerini durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmak;

4) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynydöwrebaplaşdyrmak bilen bagly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň alyp barýan işlerine ýardam bermek;

5) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda alnyp barylýan işlere baha bermek         hem-de bu işleri kämilleşdirmek boýunça tekliplere garamak;

6) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda zerur işleriň alnyp barylmagyny utgaşdyrmak bolupdurýar.

 

Pudagara topary şu işleri amala aşyrýar:

 

 

1) «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny fiziki we ýuridik şahslaryň ýerine ýetirmegini üpjün etdirmek boýunça işi utgaşdyrýar;

2) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralaryň, şol sandaharby we hukuk goraýjy edaralarynyň hasabatlaryny we tekliplerini diňleýär;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara standartlarynyň, şol sanda Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan topar (FATF) tarapyndan işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň, Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan halkara konwensiýalaryň düzgünleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpuzlyk Geňeşiniň Rezolýusiýalarynyň, şeýle hem Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa topary hakynda Ylalaşygyň we maliýe aňtawçylyk edaralaryň bütindünýä bileleşigi bolan Egmont toparynyň tertipnamasynyň we ýörelgeleriniň netijeli durmuşa geçirilmegini, şeýle hem bu resminamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça pudagara alnyp barylýan işleri utgaşdyrýar;

4) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça çäreleri amala aşyrmak işi bilen bagly döwlet edaralarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň baş ýörelgelerini utgaşdyrýar;

5) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara kadalaryna laýyk getirilmegi bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we hukuk namalarynyň taslamalarynyň taýýarlanmagyny guraýar hem-de bu taslamalary taýýarlamak boýunça pudagara alnyp barylýan işleri utgaşdyrýar;

6) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda gözegçiligi amala aşyrýan şahslaryň özara hereketlerini guramak we maglumat binýadyny döretmek ugrunda işi utgaşdyrýar;

7) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

8) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralaryň, şol sandaharby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrýan we «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda maglumat berýän şahslaryň (mundan beýläk – amallary amala aşyrýan şahslar) işine baha berýär hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

9) «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny fiziki we ýuridik şahslaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan çözgütleri kabul edýär;

10) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda öz üstüne ýüklenen borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirýän ýurt hökmünde içeri we daşary syýasatda Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy üçin zerur işleriň alyp barylmagyny utgaşdyrýar;

11) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýar.

 

 

esasy