ÝAT we FATF bilen özara hereket

esasy

 

 

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we

terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça

Ýewraziýa we FATF toparlary bilen özara hereket

 

 

Türkmenistan 2007-nji ýyldan başlap, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynda synçy statusyna eýedi. Soňra Ýewraziýa toparyň 12-nji Umumy mejlisiniň çözgüdine laýyklykda, 2010-njy ýylyň iýun aýynda bu toparyň agzasy hökmünde kabul edildi.

 

Ýewraziýa toparynyň işi, bu sebitde ýerleşýän ýurtlaryň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça FATF toparynyň maslahatlaryna laýyklykda hukuk-institusionar esasly gurluşyny döretmek bilen bagly ýardamlary we goldawlary bermek bolup durýar. 

 

 

Türkmenistan Ýewraziýa toparynyň agzasy bolmak bilen, FATF toparynyň işine gatnaşmak we jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça daşary ýurtlar we halkara we hökümetara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmaga uly mümkinçilikleri döredi.

 

Türkmenistanyň Hökümeti, Ýewraziýa toparynyň 12-nji Umumy mejlisinde kabul edilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň Türkmenistanyň milli ulgamyna FATF toparynyň 40+9 maslahatyna laýyklykda özara baha bermek babatyndaky başlangyçlaryny goldady.  

 

2010-njy ýylyň noýabr aýynda Ýewraziýa toparynyň baha beriji bilermenleriniň Türkmenistana sapary boldy we 2011-nji ýylyň aprel aýynda bu duşuşygyň netijesinde, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde baha beriji bilermenler bilen „ýüzbe-ýüz“ duşuşyk geçirildi. Ýewraziýa toparynyň 14-nji Umumy mejlisinde Türkmenistanyň özara baha bermegiň hasabaty tassyklandy we netijede FATF esasy maslahatlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi hakynda aýtmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, bu mejlisde Türkmenistan boýunça öňe gidişligiň hasabat tassyklandy we ol FATF-yň strategiki maslahatlarynyň ýerine ýetirmek baradaky derejäniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi.

 

Bu Umumy mejlisde Türkmenistan we beýleki agza ýurtlar tarapyndan Ýewraziýa topary hakynda ylalaşyga gol çekildi. Halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň MGG bilen Russiýa Federasiýasynyň "Rosfinmonitoring" federal gullugy we Belarus Respublikasynyň Döwlet gözegçilik komitetiniň Maliýe monitoring departamentiniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gol çekildi.

 

MGG tarapyndan Egmont topary we Bütindünýä bank bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzirki wagtda MGG-nyň Belarus Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Rumyniýa, Ukraina, Türk Respublikasy, Ýaponiýa, Özbegistan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Latwiýa Respublikasy, Moldowa Respublikasy, Gruziýa, Owganystan Yslam Respublikasy, Katar Döwleti, Pakistan Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Ermenistan Respublikasy bilen iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy babatda ylalaşyklar bar. 

 

 

esasy