esasy

 

 

 

Türkmenistanyň Maliýe  we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy

şu ygtyýarlylyklary amala aşyrýar:

 

 

1. Hökmany gözegçilige degişli geleşikler we amallar  bilen bagly  maglumatlary toplaýar we seljerýär;

 

2. Daşary ýurt pul möçberindäki ýa-da onuň resmi kursy boýunça milli manatda bolan ekwiwalentindäki geleşikleriň we amallaryň çägini belleýär;

 

3. Maglumatlary berýän taraplardan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmeklige gönükdirilen çäreleri görmegi talap edýär;

 

4. Şübheli geleşikleri we amallary ýüze çykarmak, duýdurmak we olaryň soňuna çykmak boýunça usullaryny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumlaryny işläp düzýär, şeýle hem Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly amallary we geleşikleri ýüze çykarmak babatynda ulanylan gurallarynyň häsiýetlendirilmegini beýan etmek bilen ulgamyny kämilleşdirmegiň çärelerini işläp düzýär we amala aşyrýar;

 

 

5. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly resminamalary we beýleki maglumatlary degişliligi boýunça hukuk goraýjy edaralaryna iberýär. Gulluk öz başlangyjy bilen degişli resminamalara esaslanyp, maglumatlary ygtyýarly edaralara degişliligi boýunça berýär;

 

6. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly jenaýatlary duýdurylmagyna we olara garşy hereket edilmegine garşysyna gönükdirilen öz işini alyp barýar;

 

7. Kanunçylyga laýyklykda döwlet edaralary tarapyndan düzülýän maglumat binýatlaryndan peýdalanmaga hukugy bardyr;

 

8. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen, maglumatlary  berýän taraplardan, hem-de kazyýet we hukuk goraýjy edaralaryndan jenaýat yzarlanmagy bilen bagly esaslandyryjy resminamalary sorap almaga hukugy bardyr;

 

9. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirmegi  we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirmegi bilen baglydygyna ýeterlik esas bolan geleşikleriň we amallaryň maglumatlary we resminamalary degişliligine laýyklykda hukuk goraýjy edaralara  iberýär.

 

 

esasy