Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri I. Wany kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri  I. Wany  kabul etdi. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen Turkmenistan.ru.-nyň habarçysy maglumat berýär.

 

Belgorodda IV Türkmen-rus ykdysady forum

IV Türkmen-rus ykdysady forumy  şu ýylyň 7-9-njy awgusty aralagynda  Belgorodda geçiriler. Turkmenistan.ru,-nyň Aşgabatdaky habarçysynyň  maglumatyna görä bu mesele türkmen hökümetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Kişinýewde türkmen-moldowan syýasy maslahatlary geçdi.

Kişinýewde Türkmenistanyň we Moldowa respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlar bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

“Türkmenistan-BMG“ Strategiki maslahat geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  „Türkmenistan-BMG“ Strategiki maslahat geňeşiniň  üçünji duşuşygy bolup geçdi, onuň barşynda bilelikdäki maliýeleşdirişiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 


TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

26.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 17–22-nji fewraly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

04.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 29–31-nji ýanwary aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

 

23.07.2018 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2018-nji ýylyň 16–19-njy iýuly aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde bikanun pullary boýunça "Kriptowalýutalary, gara tory hem-de açyk çeşmelerden alnan maglumatlary ulanmak bilen bagly bikanun alnan girdejileri kanunlaşdyrmak boýunça işleri derňemek" atly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

 

02.07.2018 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2018-nji ýylyň 24–29-njy iýuny aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Paiž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

28.05.2018 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2018-nji ýylyň 22–25-nji maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara gurama bolan Ýewraziýa Toparynyň (ÝAT) 28-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.

 

09.04.2018 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2018-nji ýylyň 03–05-nji apreli aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde bikanun pullary boýunça "Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk bilen bagly bikanun maliýe akymlaryň öňüni almak" atly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

 

Bildiriş TM

 

31.07.2018 2018-nji ýylyň 13-17 awgusty aralygynda Malaýziýa Respublikasynyň Kuala Lumpur şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ulgamlara bilermen baha berijileri taýýarlamak babatda okuw sapary meýilleşdirilýär.

 

31.07.2018 2018-nji ýylyň 24-28 sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ulgamlara bilermen baha berijileri taýýarlamak babatda okuw sapary meýilleşdirilýär.

 

28.08.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Latwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary meýilleşdirilýär.

 
Copyright 2010-2019 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy