Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

03.04.2019 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde dowam edýän gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyk meýdançalarynda birnäçe desgalarda, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipe

02.04.2019 Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanda X Halkara gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty diňläp, bu däp bolan ýöriteleşdirilen forumyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ýangyç-en

01.04.2019 Resmi habarlar

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary de

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary geçirmek, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek maksady bilen Permana gol çekip: 

30.07.2018 Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi.

30.07.2018 Gurluşyk we binagärlik—ýurdumyzyň we döwrüň keşbi

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sanynda ýurdumyzda gurulýan iri desgalar, giň möçberli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly wakalar hakynda gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi.

30.07.2018 Ekologiýa we telekeçilik: telekeçiler gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmegi özleşdirdiler

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän “Dana Dünýä” hususy kärhanasy gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdeleriniň önümçilgini artdyrýar.


TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

 

08.07.2019 2019-njy ýylyň 1-5-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde  «Pul we gymmatlyklar geçirimleri hyzmatynyň bikanun ulanylyşy» atly sebitara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

08.07.2019 2019-njy ýylyň 1-4-nji iýuly aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde «Egmont» toparynyň umumy mejlisi we onuň işçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

24.06.2019 2019-njy ýylyň 20-21-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek babatynda maglumat tehnologiýalaryna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

24.06.2019 2019-njy ýylyň 16-21-nji iýuny aralygynda ABŞ-nyň Orlando şäherinde geçirilen Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän (FATF) toparyň umumy mejlisine we onuň işçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

12.06.2019 2019-njy ýylyň ýylyň 10-11-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-njy ýyl üçin ylalaşylan iş meýilnamasynyň çäklerinde «Bellenen maliýe däl edaralar we kärhanalar pudagynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça öňdebaryjy tejribeler» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň we ýurdumyzyň hususy böleginiň wekilleri gatnaşdylar.

 

26.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 17–22-nji fewraly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

04.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 29–31-nji ýanwary aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

Bildiriş TM

 

 

28.08.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Latwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary meýilleşdirilýär.

 
Copyright 2010-2019 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy