27.06.2019 Türkmenistan dünýäniň intellektual ykdysady kartasynda

Türkmenistan dünýäniň intellektual ykdysady kartasynda

 

 

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşiniň, telekeçilik we maýa goýum ulgamynyň, şeýle hem Diýarymyzyň dünýä ulgamyna goşulyşmagynyň esasy ugurlary hakynda möhüm maglumatlaryň esasy çeşmesi bolan ýöriteleşdirilen ylmy-amaly neşiriň — «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň şu ýylky 3-nji sany çapdan çykdy.

Täze neşiriň makalalarynda dolandyryş pudagyna täze çemeleşmeleri we tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, uly halk hojalyk ähmiýeti bolan iri taslamalary durmuşa geçirmegiň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ösüş boýunça öňde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmegiň esasy meseleleri beýan edilýär.

Olaryň hatarynda suwy tygşytly peýdalanmak, ýerli çig mal gorlaryny, çäk mümkinçiliklerini aýawly we netijeli özleşdirmek, täze önümçilikleri döretmek ýaly meseleler bar. Bu ugurlar toplumlaýyn alnanda, Garagum sährasynyň merkezinde ägirt uly suw howdanyny döretmek baradaky innowasion maýa goýum taslamasyny gurşap alýar. Onda Ýer şarynyň suw serişdelerini gorap saklamak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmek işine ýurdumyzyň goşan saldamly goşandy açylyp görkezilýär. Žurnalda çap edilen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň durmuş-ykdysady ösüşe täsiri” atly makala hut şu meselä bagyşlanylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we durnukly ulagy ösdürmek boýunça täze başlangyjy hakyndaky baş makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti döretmegiň möhüm meseleleri hem žurnalda ýerleşdirilen birnäçe makalalarda giňden beýan edilýär. Olarda iş bilen üpjünçilik ulgamyndaky özgertmelere, zähmet bazarynda işiň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna, iş ornunyň üýtgemegine, uzak ýerlerdäki işgärleriň işlerini guramagyň usullaryna degişli meselelere uly üns berilýär. Žurnalda çap edilen “Kärhanany dolandyrmakda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ähmiýeti” atly makala hem dürli derejedäki ýolbaşçylar üçin gyzyklydyr. Onda IT düzüminiň ulgamyna häsiýetnamalar hem-de hünär işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri beýan edilýär. “Obasenagat toplumynda ykdysady özgertmeler” atly makalada Türkmenistanyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň telekeçiligini oba hojalygyna çekmegiň, oba hojalyk toplumynyň düzümlerini kämilleşdirmegiň, azyk önümleriniň önümçiligini ösdürmegiň meseleleri açylyp görkezilýär.

Žurnalda çap edilen beýleki makalalarda söwda ulgamynda zähmeti guramagyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň, maliýe monitoringi gullugyny berkitmekde bu ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem salgyt syýasatynda ösen ýurtlaryň iň oňat tejribeleriniň mysalynda ykdysadyýeti köpugurlylaşdyrmagyň, Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy daşary ýurt tejribelerini peýdalanmagyň meselelerine uly üns berilýär.

Hünärmenleriň makalalarynda hojalygy ýöretmegiň dürli maýa goýum we innowasion ugurlaryna garalyp geçilýär. Ykdysady ulgamda alnyp barylýan özgertmeleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşylýar, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça teklipler öňe sürülýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döredilip, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalda düýpli maliýe-ykdysady meselelerde bu işe ýaş alymlar, telekeçiler we ýolbaşçylar çekilýär. Žurnal mugallymlara, aspirantlara we talyplara, döwlet edaralarynyň ýerli dolandyryş düzümleriniň işgärlerine, menejerlere we marketologlara niýetlenendir.

Dünýäniň intellektual ykdysady kartasynda biziň ýurdumyza mynasyp ornuň we sebitiň işewürlik durmuşynyň möhüm merkezi derejesiniň berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän toplumlaýyn özgertmeleriniň möhüm maksatlarynyň biridir. Pudaklaýyn neşiriň işi bolsa bu maksada ýetmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.