07.11.2014 Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. 



Türkiýäniň Baştutanynyň Türkmenistana bu saparyna iki tarapdan hem strategik häsiýete eýe bolan hem-de taryhy umumylyga, türkmen we türk halklaryny gadymdan baglanyşdyrýan mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna daýanýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek ýolunda möhüm ädim hökmünde baha berilýär. 



Irden belent mertebeli myhman özi üçin bellenilen kabulhanadan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde, merkezi girelgede Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tüýs ýürekden we mähirli garşylady. 



Iki ýurduň Liderleri dostlukly görşüp, “Oguzhan” zalyna geçdiler. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. 



Nyzama duran hormat garawulynyň rota serkerdesi dabaraly hasabat berdi. Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Türkiýäniň Baştutany Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan nyzama düzülen hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçdiler. 



Türkmen Lideri türk kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem-de ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrdy. Öz gezeginde türk Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Türkiýäniň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. 



Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça resmi surata düşenlerinden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogany “Altyn” zala çagyrdy. Ol ýerde Prezidentleriň ikiçäk gepleşikleri geçirildi. 



Belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Baştutany öz türk kärdeşine ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlarda – syýasy – diplomatiki, söwda-ykdysady we gumanitar-medeni ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň dostluk häsiýetine eýedigini belläp, Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmenistana şu saparyna taryhy ähmiýet berilýändigini nygtady. Çünki bu belent mertebeli myhmanyň ýurdumyza Türkiýäniň Prezidenti hökmünde amala aşyran ilkinji saparydyr. 



Milli Liderimiz türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň strategiki ugurlydygy barada aýdyp, taraplaryň dünýäde abadançylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge degişli häzirki zamanyň möhüm meseleleri babatda garaýyşlarynyň deň gelýändigini, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň gatnaşyklarynyň netijelidigini belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini belläp, Türkiýäniň meşhur kompaniýalarynyň ýurdumyzda netijeli işleýändigini mysal getirdi. Medeniýet, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gepleşikleriň we olaryň netijeleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň ählisiniň doganlyk türkmen-türk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana döwlet Baştutanynyň wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi, şeýle hem ähli türk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 



Türkmen Liderine mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýäniň Prezidenti özüniň doganlyk Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny nygtady. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Türkiýe Respublikasynda möhüm ähmiýet berilýär. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ol Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hökmünde Merkezi Aziýa boýunça ilkinji resmi saparyny Türkmenistana amala aşyrýar. Şunuň bilen birlikde, türk Lideri munuň ýurdumyza amala aşyrýan saparlarynyň bäşinjisidigini belledi. Ol ozal ýurdumyza Türkiýäniň Premýer-ministri wezipesinde işleýärkä hem gelipdi. 



Pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegine bagyşlanan dabara gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkiýäniň Baştutany soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejede ösýändigini nygtap, bu däp bolan hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 



Şunda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan döwletara hyzmatdaşlygyny, şol sanda netijeli işewür gatnaşyklary ösdürmekde türkmen Lideriniň uly şahsy hyzmatlaryny nygtady. Türkmenistanda türk kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýän iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. 



Belent mertebeli myhman gumanitar ulgamyny türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, ägirt uly ähmiýet berilýän saglygy goraýyş ulgamy boýunça özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Gumanitar ulgamda, şol sanda bilim ulgamynda bilelikde işlemek üçin uly tejribe toplanyldy. 



Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragynda özüne hem-de Türkiýe Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 



Özara düşünişmek we netijeli häsiýetde geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de geljegi göz öňünde tutýan özara bähbitli aragatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikler babatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda – ykdysady pudakda, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmakdaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, söhbetdeşler şeýle hem türkmen we türk halklarynyň taryhy-medeni umumylygyna esaslanan ynsanperwer ulgamda däp bolan özara gatnaşyklary höweslendirmegiň ähmiýetini nygtadylar. 



Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça özara pikir alyşdylar. 



Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar. 



Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi. 



Özüniň türk kärdeşine çakylygy kabul edip, ata Watanymyz bolan Türkmenistana resmi sapar bilen gelendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhmany Türkiýäniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 



Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň döwletlerimiziň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde hil taýdan ýokary derejä çykýar we täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Türkmen - türk gatnaşyklarynyň halkara - hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwrüň talabyna görä, täze ylalaşyklar baglaşylýar. Bu bolsa, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelmegi üçin oňat şertleri döredýär. Şu babatda hormatly Prezidentimiz häzirki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň hem türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi. 



Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn, strategik hyzmatdaş döwlet bolup durýar. Biziň gatnaşyklarymyz iki doganlyk ýurduň parahat hem-de howpsuz ösüşini gazanmaga hyzmat edýär. Sebit we halkara tagallalaryna mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. 



Türkmenistan Türkiýe Respublikasynyň halkara ulgamyndaky möhüm ähmiýetli ornuna ýokary baha berýär. Biz doganlyk ýurduň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Biziň döwletlerimiz birek-birege goldaw bermek bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Konferensiýasy Guramasy hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýärler. 



Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli edaralaryna we düzümlerine saýlanmagyna hem-de öňe sürýän halkara başlangyçlaryna Türkiýe uly goldaw berýär diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasy bilen energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek ýaly özara gatnaşyklaryň üstünde aýratyn durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň teklibi bilen bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň iki sany rezolýusiýasy kabul edildi. Häzirki döwürde bu ugurda anyk işler alnyp barylýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de bütindünýä ähmiýetli bu başlangyjy durmuşa geçirmäge Türkiýäniň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. 



Giň gerimli ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek hem halkara gatnaşyklarynda strategik ähmiýetli ugurlaryň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistanyň bu meselede uzak geljege gönükdirilen teklipleri öňe sürmek bilen, Türkiýe Respublikasynyň ýakyndan goldaw berýändigini duýýar diýip nygtady. 



Biz sebit ähmiýetli meselelerde hem arkalaşykly hyzmatdaşlyk edýäris. Orta Gündogarda parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça anyk işleri amala aşyrýarys diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde hem özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli ugurlaryny ösdüreris. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleri we daşary syýasy edaralaralaryň arasyndaky geňeşmeleri anyk ugurlar boýunça dowam etmegi zerur hasaplaýandygyny aýtdy. 



Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň örän işjeň alnyp barylýandygyny nygtap, milli Liderimiz köp ýyllaryň dowamynda amala aşyrýan özara bähbitli gatnaşyklarymyz doganlyk Türkiýäniň ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny görkezýär diýip belledi. Biz ýurdumyzyň strategik ähmiýetli pudaklarynda bahasy milliardlarça amerikan dollary bolan iri taslamalary durmuşa geçirmegi türk doganlarymyza ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de mysal hökmünde häzirki döwürde ýurdumyzda 600-e golaý türk firmasynyň we kompaniýasynyň iş alyp barýandygyny belledi. Şunda türkmen döwletiniň Baştutany türk hyzmatdaşlarymyzyň türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna ata Watanynda iri taslamalary ýokary hilli amala aşyryp, ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we ulag pudaklaryny, dokma we gaýtadan işleýän senagatyny hem-de ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny belledi. 



Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň hem hil taýdan ösýändigini we möçber taýdan yzygiderli artýandygyny kanagatlanmak bilen nygtap, 2013-nji ýylyň netijeleri boýunça haryt dolanyşygynyň möçberiniň 4 milliard 750 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny belledi. Şu ýylyň dokuz aýynda bu görkeziji 5 milliard amerikan dollaryna golaýlady. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35 göterim ýokarydyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda dolanyşygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen - türk toparynyň we Işewürlik geňeşiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şu babatda Türkmenistanyň Baştutany bu Toparyň mejlislerinde hyzmatdaşlygyň häzirki zaman innowasion ugurlaryna we öňdebaryjy tehnologiýalara uly üns bermegiň zerurdygy barada pikirini aýtdy. 



Syýahatçylyk ulgamynda hem bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, türk dostlarymyz bilen Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe häzirki zaman ulgamlaryny döretdik we ulanmaga berdik diýip belledi. Bu ugurda toplanan tejribe geljekde has giň gerimli işleri alyp barmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de türk kompaniýalaryna «Awazany» ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere öz taslamalary bilen gatnaşmagy teklip etdi. 



Medeni - ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, hormatly Prezidentimiz şu ýyl beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýiniň halkara derejesinde, şol sanda doganlyk Türkiýede hem giňden bellenip geçilendigini nygtady. Bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler häzir hem dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany öz türk kärdeşine beýik Magtymguly Pyragynyň edebi-filosofik mirasyna goýýan hormaty üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ankara şäherindäki seýilgähde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň oturdylandygyny, türki halklaryň medeniýetini we sungatyny bilelikde öwrenmek baradaky guramanyň (TÜRKSOÝ) 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan edendigini belledi. Geçirilen bu işleri türk doganlarymyzyň nusgawy şahyra goýýan belent sarpasynyň nyşany hökmünde görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýandygyny nygtady. Ine, döwlet Baştutanlarynyň şu ýyl geçirilen duşuşygynda Mary şäheriniň 2015-nji ýylda Türki dilli döwletleriň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi biziň üçin şatlykly we buýsançly waka boldy. Şu ýylyň 21-nji noýabrynda Tatarystanyň Kazan şäherinde geçiriljek Türki halklaryň medeniýetini we sungatyny bilelikde öwrenmek baradaky gurama (TÜRKSOÝ-a) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky maslahatynda Mary şäheriniň bu belent we hormatly derejesi resmi taýdan berkidiler. 



Biz Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň ugry boýunça hem köp işleri amala aşyrýarys, medeni mirasymyzy – gadymy ýadygärlikleri öwrenmek, gazuw-agtaryş işlerini geçirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Bu bolsa milli medeniýetimizi ösdürmäge ýardam berýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi. 



Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Bu tejribe ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň binýadyny emele getirýär. Ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek häzirki döwrüň derwaýys talaby bolup durýar. Şoňa görä-de, abraýly we iri ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň mümkinçilikleri geljekde has-da artar. Bu ýokary okuw mekdebiniň geljek ýyl ulanylmaga beriljek täze binalar toplumy, Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi häzirki zaman tehnologiýalary we kämil serişdeler bilen üpjün ediler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Halkara türkmen - türk uniwersitetiniň binýadynda hünärmenleri taýýarlamagyň we ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, bilelikdäki türkmen-türk bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi. 



Türkmen - türk doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösjekdigine berk ynanýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu aýdylanlaryň hakykatdan-da şeýle boljakdygyna şu günki duşuşygyň we geçirilen gepleşikleriň hem doly şaýatlyk edýändigini nygtamak bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, doganlyk türk halkyna bolsa abadan we bagtyýar durmuş, mundan beýläk-de gülläp ösmegi tüýs ýürekden arzuw etdi. 



Türkiýäniň Baştutany görkezilen myhmansöýerlik we türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hökmünde Merkezi Aziýa boýunça özüniň ilkinji resmi saparyny Türkmenistana amala aşyrýandygyny we bu ýagdaýyň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady. 



Belent mertebeli myhman her sapar Aşgabada geleninde, ol türkmen paýtagtynyň tanalmaz derejede özgerýändigini, munuň bolsa Türkmenistanyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýändigini belledi. Bular barada aýtmak bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan durmuşyň ähli ulgamlarynda haýran galdyryjy üstünlikleri gazanýan türkmen döwletiniň okgunly ösüşini we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandynyň bardygyny nygtady. 



Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Baştutany öz ýurdunda türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryna buýsanýandyklaryny belledi. 



Belent mertebeli myhman döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, Türkiýäniň Türkmenistan bilen BMG-niň, ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini, dürli ulgamlarda, şol sanda ulag we energetika babatda, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda, energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türk kompaniýalarynyň bu strategiki ugurda özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. 



Türk Lideri ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, Türkmenbaşyda täze Halkara deňiz portuny gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belledi. Şunuň netijesinde Türkmenistan ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüler. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan şeýle hem portlary ösdürmek we olaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ulag gatnawlary babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin Hazar deňziniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň we tejribe alyşmagyň wajypdygyny belledi. 



Şunuň bilen baglylykda, şu günki gepleşikleriň barşynda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesini döretmek boýunça bilelikdäki başlangyjyň peýda bolandygyny aýtmak bolar. Geljekde bu geçelge Gündogar- Günbatar ugurlary boýunça döwrebap ulag –kommunikasiýa ulgamynyň möhüm bölegi bolup biler. Oňyn ugruň ýola goýulmagy netijesinde bu geçelge gysga ugur boýunça ýükleri Orta Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Kawkaza, şol ýerden bolsa Ýewropa hem-de yzyna çalt daşalmagyny üpjün edip bilerdi. Ýükleriň has amatly ugur boýunça eltilmegi bolsa harytlyk önümleriniň bahasynyň peselmegine ýardam eder. 



Şu ýerde bu pikiriň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstaşyr-ulag düzüminiň köp şahaly sebit we transkontinental düzümini döretmek barada ozal öňe süren tekliplerinden gelip çykýandygyny bellemek gerek. Bu teklipleriň wajyplygyny döwür tassyklady. 



Belent mertebeli myhman türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerine ünsi çekip, ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini nygtady, şeýle hem maýa goýum ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi. 



Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň geljegi uly pudak bolan syýahatçylykdaky gatnaşyklar barada durup geçip, howa gatnawlary ulgamynda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň, täze özara howa gatnawlarynyň, şol sanda Türkiýäni halkara syýahatçylyk merkezine öwrülýän Awaza bilen baglanyşdyrýan howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň bu ugurda gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigini belledi. 



Belent mertebeli myhman medeni – gumanitar hyzmatdaşlygyň, şol sanda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny nygtap, bu babatda Aşgabatdaky Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, şeýle hem şu ýylyň awgustynda gol çekilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygynyň netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. Şunda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türk tarapynyň Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. 



Türk Lideriniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Antaliýa şäherinde geçiriljek “EKSPO-2016” Halkara botaniki sergisine, şeýle hem geljek ýyl Izmir forumyna we beýleki çärelere gatnaşmagyna garaşylýar. 



Belent mertebeli myhman medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, döwletleriň ikisinde geçirilýän özara Medeniýet günleriniň ähmiýetini belledi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan şeýle hem medeniýet, taryhy ýadygärlikleri dikeltmek, syýahatçylyk, bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy ulgamlarynda we beýleki pudaklarda işleýän TIKA türk agentliginiň Türkmenistanda alyp barýan işiniň esasy meseleleri barada durup geçdi. Hemra tehnologiýalary we telegepleşikler ulgamynda netijeli gatnaşyk etmek üçin hem mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, türkiýeli hünärmenler türkmen hyzmatdaşlary bilen sport ulgamynda, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziada taýýarlyk görmek babatda tejribe alyşmaga taýýardyr. 



Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimize beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleriniň türk dilinde neşir edilen we TIKA tarapyndan taýýarlanan kitaplaryny sowgat berdi. 



Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, oňa ajaýyp türkmen şahyryna we onuň döredijilik mirasyna çuňňur hormat – sarpanyň nyşany, iki halkyň arasyndaky dostluk – doganlygyň ýene-de bir nyşany hökmünde baha berýändigini belledi. 



Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 



“Türkmengaz” döwlet konserni we “Atagas Dogalgaz Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda tebigy gazyň satyn alşy-satyşy pudagynda hyzmatdaşlyk barada Çarçuwaly Ylalaşyga; Bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Hökümetara Türkmen-Türk Geňeşi hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrliginiň arasynda Teswirnamana; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2015-2016-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Maksatnama; Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. 



Bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. 



Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Liderderi “Baýram han” zalyna bardylar. Ol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 



Ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň netijelerini jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidentiniň ýurdumyza bu saparynyň uzak geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna giň ýol açýandygy babatdaky ähmiýetini nygtady. Öran mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gepleşikleriň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. 



Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlary, oba hojalygy, dokma we himiýa, energetika we nebitgaz, gurluşyk pudaklary, ýol gurluşygy, medeniýet, bilim ulgamlary we beýleki möhüm ugurlary boýunça hem pikir alşyldy. 



Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde ýurdumyzyň bu pudaklarynda örän köp sanly türk kompaniýalarynyň işleýändigini belledi. Olar Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna ata-babalarynyň gadymy ýurdunda dürli iri taslamalary ýokary hilli durmuşa geçirýärler. Gepleşikleriň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitledik, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledik, bu mümkinçilikleri doly ulanmagyň anyk ýollary barada aýratyn durup geçdik diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 



Gepleşikleriň gün tertibine özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Türkiýäniň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini nygtady. Ýurtlaryň ikisiniň hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara düşünişmek we goldaw bermek esasynda hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, türkmen Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin, türk hyzmatdaşlaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Biziň ýurdumyz hem öz gezeginde Türkiýäniň dünýädäki tutýan ornuna uly hormat goýýar. Häzirki zamanyň derwaýys meseleleri, ilkinji nobatda bolsa parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryna hem-de tekliplerine goldaw berýär. 



Türkiýäniň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçli depginler bilen alnyp barylýandygyny belledi. Şu ýylyň 9 aýynda iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 5 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35 göterim köpdür. Häzirki geçirilen gepleşikleriň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda alnyp barylýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek barada ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutany ykdysady gurallary netijeli ulanmak, aýratyn-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de Işewürler geňeşiniň işini has-da güýçlendirmek barada pikir alşylandygyny belledi. 



Medeni hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, 2014-nji ýyl aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şu ýyl biziň halkymyz bilen bilelikde, dünýä jemgyýetçiligi beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýini belläp geçýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde görnükli nusgawy şahyryň heýkeliniň oturdylandygy, bu şanly ýubileýe bagyşlanan dabaraly çäreleriň giň gerim bilen geçirilendigi uly guwanç bilen bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türk doganlarymyza, ilkinji nobatda bolsa, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň edebi-filosofik mirasyna goýýan uly hormaty üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 



Türkmenistan türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar. Döwlet baştutanlarynyň şu ýyl geçirilen duşuşygynda Mary şäheriniň 2015-nji ýylda Türki dilli döwletleriň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi biziň üçin şatlykly we buýsançly waka boldy. Şu ýylyň 21-nji noýabrynda Tatarystanyň Kazan şäherinde geçiriljek Türki halklaryň medeniýetini we sungatyny bilelikde öwrenmek baradaky gurama (TÜRKSOÝ-a) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky maslahatynda Mary şäheriniň bu belent we hormatly ady resmi taýdan berkidiler. 



Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň ugry boýunça hem köp işleriň edilýändigini belledi. Medeni mirasymyzy – gadymy ýadygärlikleri öwrenmek, gazuw-agtaryş işlerini geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu bolsa milli medeniýetimizi ösdürmäge ýardam berýär. Biz ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek barada hem giňden pikir alyşdyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu babatda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän bilelikdäki çäreleri, uniwersitetiň täze binalar toplumynyň, şeýle hem Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň gurulmagyny, müňlerçe türkmen ýaşlarynyň Türkiýede bilim almagyny bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Sözüniň ahyrynda, ýokary derejede geçen duşuşyklaryň netijeli bolandygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz öz türk kärdeşine ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, doganlyk türk halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. 



Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti öz gezeginde geçirilen gepleşikleriň jemini teswirlemek bilen, Türkiýäniň hökümet wekiliýetiniň adyndan we öz adyndan Türkmenistanyň Prezidentine myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Türk Lideriniň belleýşi ýaly, ol Prezident wezipesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde ilki bilen doganlyk Türkmenistana resmi sapary amala aşyrýandygyna şatdygyny we muňa buýsanýandygyny aýtdy. 



Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti bilen ozal bolan duşuşyklar ýaly, häzirki ýokary derejedäki duşuşyk hem netijeli gepleşiklere öwrülip, onuň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 



Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Baştutany häzirki güne çenli türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalarynyň umumy bahasynyň ABŞ-nyň 42 milliard dollaryna ýetendigini belledi. Şeýle taslamalary durmuşa geçirýän türk kompaniýalary Türkmenistanyň döwrebap düzümlerini ösdürmäge öz goşantlaryny goşýarlar. Bu barada aýtmak bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan işewür hyzmatdaşlyga oňaýly şertleriň döredilmegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 



Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini belledi. Ulag we energetika ulgamlary şol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda täze uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşýändigi hem-de sebit we yklym ähmiýetli üstaşyr-ulag merkezi hökmünde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Şunda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan degişli ugurda gatnaşyklaryň meýilnamalarynyň amala aşyrylmagynyň sebitde hyzmatdaşlyk etmek meselelerini çözmäge ägirt uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. 



Türk Lideriniň habar berşi ýaly, gepleşiklerde taraplaryň energetika ulgamynda özara gatnaşyklar meselelerine garaýyşlarynyň meňzeşdigi tassyklanyldy. Bu ulgam sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. 



Şu gün iki ýurduň Liderleriniň Aşgabatda geçirilýän türkmen-türk işewürler maslahatyna hem gatnaşmakçydygyny bellemek bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman türk kompaniýalarynyň geljekde hem özlerine bildirilen ynamy ödemek we hyzmatdaşlyk borçnamalaryny mynasyp ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. 



Türk Lideri iki ýurduň sebitiň we dünýäniň möhüm meselelerinde, ozaly bilen parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek we durnukly ösüşi üpjün etmek, hususan-da, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak bilen bagly möhüm meselelerde garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Stambul prosessiniň çäklerindäki özara gatnaşyklar hem hut şoňa gönükdirilendir. 



Türkiýede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanylýandygyny bellemek bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana her gezek gelende diňe ajaýyp şähere öwrülen Aşgabatda däl-de, eýsem, ýurduň ähli welaýatlarynda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň şaýady bolýandygyny aýtdy. 



Türk Lideri döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha bermek bilen, özara erk-islegiň hem-de iki doganlyk döwletleriň we halklaryň netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan isleginiň türkmen-türk hyzmatdaşlygyny täze, has ýokary sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. 



Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary “Baýram han” zalyndan çykdylar. 



Soňra iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna ugradylar. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp tebigy künjekde ýerleşen bu täsin toplumda “behişdi bedewleri” saklamak, köpeltmek we sportda synamak, şeýle hem milli atçylyk däplerini gorap saklamak we ösdürmek, seýisleriň we ussat çapyksuwarlaryň täze neslini terbiýelemek üçin hemme zerur şertler döredildi. 



Täze taryhy eýýamda türkmen döwletiniň Baştutanynyň berýän uly goldawy netijesinde Watanymyzda atçylyk pudagy kuwwatly itergi aldy. “Behişdi bedewleriň” saýlama baş sanyny köpeltmek boýunça tohumçylyk-seçgi işi yzygiderli kämilleşdirilýär, pudagyň düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Şöhratly ahalteke bedewlerini dünýäde mundan beýläk-de wagyz etmäge we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şeýle hem atçylyk sportunyň milli we beýleki, şol sanda Olimpiýa görnüşlerini höweslendirmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. 



Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň hakyky janköýeri, atçylyk sportuny işjeň wagyz ediji we at çapmagyň ajaýyp ussady bolmak bilen, bu ulgamda halkara derejesindäki çäreleriň, şol sanda ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň baýramynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň başyny başlaýar. Şu ýyl bu ählihalk baýramçylygy giň gerimde we uly dabara bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaralara belent mertebeli myhmanlaryň gatnaşmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Bu dabaralar ganatly bedewleriň taryhy watanyna dürli ýurtlaryň köpsanly wekillerini ýygnady. Olar köpöwüşgünli we ýatdan çykmajak wakalaryň ençemesine gatnaşdylar. 



Şu ýyl geçirilen çäreleriň hatarynda Aşgabatda geçirilen iri forumlar – Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IV mejlisi, sergi-ýarmarka we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara ylmy maslahat, şan-şöhraty dünýä dolan Ýanardag bedewiniň hormatyna ýadygärligiň açylmagy, uzak aralyga at çapmak we päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlar, Ahalteke atçylyk toplumyndaky hem-de Halkara atçylyk toplumyndaky esasy baýramçylyk dabaralary, şol sanda ahalteke bedewleriniň arasynda halkara gözellik bäsleşigi we däp bolan at çapyşyklar bar. 



Ahalteke atçylyk toplumynda bolmagyň çäklerinde hormat-sarpanyň hem-de türkmen-türk dostlugynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň adyndan doganlyk türk halkyna ajaýyp ahalteke bedewini sowgat berdi. Mälim bolşy ýaly, bedew türkmen üçin hemişe wepaly ýoldaş we kömekçi bolupdyr. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan iň gadyrly we hormatly myhmanlara bedewleri sowgat bermek bilen baglanyşykly milli däp halkymyza häzirki döwürde-de mahsusdyr. Munuň özi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygynyň, milletiň gadymy däp-dessurlaryna ygrarlylygyň aýdyň subutnamasydyr. 



Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ony iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar bolsa öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar we täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýär. 



Bu ýerde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berip, şu gün geçirilen gepleşiklere ýokary baha berdiler hem-de iki ýurduň we halklaryň dostluk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar. 



Soňra Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri bilelikde meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna kanagatlanmak bilen syn etdiler. Bu toparyň agzalarynyň at üstünde ussatlyk bilen görkezýän oýunlary daşary ýurtlulary hem ençeme gezek haýran galdyrypdy. Türk Lideri ganatly bedewleriň deňsiz-taýsyz owadanlygyna, syrdamlylygyna we ýyndamlygyna, şeýle hem häzirki şöhratly ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaşlaryň ussatlygyna haýran galýandygyny aýtdy. 



Dabara tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen söhbetdeş boldular. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti türkmen toparynyň özünde ýatdan çykmajak täsir galdyran ajaýyp çykyşy üçin olara hoşallyk bildirdi. 



Bu wakadan ýadygärlik hökmünde iki ýurduň Liderleri “Galkynyş” toparynyň agzalary bilen surata düşdüler. 



Iki döwletiň Baştutanlary Ahalteke atçylyk toplumyndan çykyp, “Mizan” myhmanhanasynyň işewürlik merkezine bardylar, bu ýerde türkmen-türk işewürler maslahatyna gatnaşdylar. 



Nobatdaky işewürler duşuşygyna gatnaşyjylaryň uly düzümi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga türk işewür toparlarynyň ägirt uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Şu gün bu ýere Türkiýäniň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň, şol sanda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň ýaş işewürler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. Maslahatyň işine gurluşyk, elektroenergetika, logistika, awtomobil, dokma, azyk senagaty, elektron enjamlary we beýlekiler ýaly pudaklarda ýöriteleşen türk kompaniýalarynyň 50 töwereginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 



Türkmen tarapyndan maslahata daşary syýasat edarasynyň, Ykdysadyýet we ösüş, Söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar, Energetika, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Demir ýol we awtomobil ulaglary, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, dokma pudagynyň, aragatnaşyk ulgamynyň we oba hojalyk toplumynyň wekilleri gatnaşdylar. 



Maslahata gatnaşýan düzümleriň hatarynda “Türkmengaz” we “Türkmenpagta” döwlet konsernleri, Azyk senagaty we “Türkmenhaly” döwlet birleşikleri, Sport we syýahatçylyk baradaky döwlet komitetleri, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy, Haryt-çig mal biržasy, Söwda-senagat edarasy we Milli önümleriň söwda dolanyşygyny öwrenmek boýunça instituty, şeýle hem bank ulgamy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bar. Zalda şeýle hem Türkiýäniň we Türkmenistanyň esasy teleradioýaýlymlarynyň hem-de metbugat neşirleriniň wekilleri bar. 



Bu ýere ýygnananlar ör turup, şowhunly al çarpyşmalar bilen iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen zala bilelikde giren Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentlerini uly joşgun bilen garşylaýarlar. 



Maslahatyň açylyşynda iki ýurdyň Liderlerine şu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeň goldaýandyklary, bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýene-de bir goşant bolan häzirki duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. 



Soňra Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi çykyş etdi. Maslahatyň belent mertebeli myhmanlaryny mübärekläp, ministr onuň açylyşyna Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň gatnaşmagynyň bu ýere ýygnananlaryň ählisi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem häzirki işewürler maslahatynyň geçirilmeginiň döwletleriň ikisiniň hem giň ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara ymtylmalaryna şaýatlyk edýändigi hem-de hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge gönükdirilendigi bellenildi. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. 



Milli Liderimiz türkmen topragynda Türkiýäniň Prezidentini—özüniň oňat dostuny we doganyny, halkyny türkmen halky bilen umumy köpasyrlyk taryh, gadymy dostluk we ruhy ýakynlyk baglanyşdyrýan döwletiň Baştutanyny kabul etmäge örän şatdygyny nygtady. 



Häzirki wagtda bu gatnaşyklar öz mynasyp dowamyna eýe bolýar. Muňa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan ynamyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi şaýatlyk edýär. Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hökmünde baryp gören ilkinji ýurdunyň Türkmenistan bolandygyny hem belläp geçmek gerek. 



Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň taryhy däplere örän baý bolup, birleşen tagallalar bilen üstünlikli berjaý edilen her bir iş durmuşa bilelikdäki täze başlangyçlary döredýär. Şonuň ýaly duşuşyklar bar bolan ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklarda täze ugurlary bellemek hem-de şol ugurlarda degişli bähbitleri kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikdir. Gysgaça aýdylanda, ol indiki hereketleriň takyk yzygiderliligini anyklamak üçin zerurdyr, çünki bir meseleler çözüldigiçe, onuň ýerine beýlekileriň çykarylýandygy we her bir üstünlikleriň aňyrsynda täze gözýetimleriň açylýandygy äşgärdir. 



Biziň ýurdumyzdaky häzirki makroykdysady ýagdaý durnukly depgin bilen häsiýetlenýär, kanunçylygy goşmak bilen dürli pudaklarda amala aşyrlýan uly möçberli özgertmeler bolsa ýurdumyzyň maýa goýum ýagdaýyny daşary ýurtly maýadarlar üçin has özüne çekiji we goragly edýär. 



Milli ykdysadyýetleri döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň we Türkiýäniň wezipeleriniň köp babatda meňzeşdigini bellemek gerek. Iki ýurtlaryň hökümetleri maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmaga, içerki bazary giňeltmäge, innowasiýalary we eksport mümkinçiliklerini höweslendirmäge ymtylýarlar. Esas goýujy bu çemeleşmeleriň ýakynlygynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin, biziň özara söwda dolanyşygymyzy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin, önümçilik aragatnaşyklarynyň we innowasion taslamalaryň täze netijeli görnüşleri üçin çynlakaý şertler görünýär. 



Bu ugurda eýýäm işler alnyp barylýar. Şol işlere ýene-de bir itergi bermek üçin strategik we özara gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar hökmünde biziň öňümizde duran wezipelere giňden garamak zerur. 



Şu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan hem-de Türkmenistanda-da, Türkiýede-de bolup geçýän döwrebaplaşdyrylmak işleriniň şertlerinde biziň hyzmatdaşlygymyzyň ösüşiniň täze ugurlaryna bolan özüniň garaýyşlaryny paýlaşdy.



Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň telekeçileri we senagatçylary eýýäm bilelikdäki taslamalaryň ençemesini amala aşyrdylar. Olaryň netijeleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, beýleki ýurtlarda-da bilelikdäki işleriň üstünlige beslenmegine esas berýär. 



Türk hyzmatdaşlarynyň, ilkinji nobatda, senagat ulgamynda öz uly goşantlaryny goşup biljek Türkmenistanyň geljekki durmuş-ykdysady ösüşiniň meýilnamalary barada aýdylanda, bu babatda döwlet Baştutanymyz 2030-njy ýyla çenli bolan döwür üçin uly möçberli maksatnamany belledi. Gaýtadan işleýän önümçilikleriň, hususan-da, isleg bildirilýän nebit we himiýa önümlerini çykarmak babatda diwersifikasiýalaşdyrylmagy şol maksatnamanyň wezipeleriniň biri bolup durýar. 



Türkmenistanda şeýle hem gazhimiýa pudagynyň ösdürilmegine girişýärler, ýerli çig malyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri çalşyp biljek önümçilik boýunça täze kärhanalar gurulýar—bu pudaklarda diňe bir öňdebaryjy tehnologik “nou-haulara” däl, eýsem, hojalygy netijeli dolandyrmak, bazar, işewür çözgütler usullaryna hem uly isleg bildirilýär. 



Ine, ýakyn wagtda ýapon maýasynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 10 milliard amerikan dollary bolan senagat gazhimiýa desgalarynyň birnäçesi gurlar. Mundan başga-da, ammiak we korbamid öndürmek boýunça Marynyň himiýa toplumy ýakynda ulanmaga tabşyryldy. Ol türkmen, ýapon we türk hünärmenleri tarapyndan bilelikde guruldy. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we önümçilige ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly milli syýasatyň möhüm ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyny belledi. 



Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýokary tehnologiýalar pudagyny atlandyrdy. Ýakyn wagtda biz älem giňişligine ilkinji türkmen hemrasyny goýbereris. Bularyň hemmesi biziň özara gatnaşyklarymyz üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 



Ady agzalan pudaklarda işleýän türk kompaniýalarynyň gatnaşmak meseleleri hem häzirki işewürler forumynyň gün tertibine çykaryldy. 



Ulag, aragatnaşyk ulgamynda bar bolan mümkinçilikler barada aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutany bu ugurda biziň ýurdumyzda awtomobil, howa, deňiz, demir ýol aragatnaşyklaryny ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Bu babatda Beýik Ýüpek ýolunyň täze ugrunyň täze hilde gaýtadan dikeldilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. 



Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu gün geçirilen gepleşikleriň barşynda biziň ýurtlarymyz üçin ulag ulgamynda, hususan-da, Ýewropa ýurtlary bilen ýollary gurmakda açylýan täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Owganystany, Türkmenistany, Azerbaýjany, Türkiýäni we Gruziýany baglanyşdyrjak ulag geçelgesiniň sebitiň üstaşyr ykdysady gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açjakdygy hem bellenip geçildi. 



Hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bolan syýahatçylyk pudagyna hem aýratyn üns berildi. Bu pudak biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky işewür we ynsanperwer aragatnaşyklary ösdürmegiň oňat görkezijisine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti bu babatdaky özara gatnaşyklaryň geljegi barada aýdyp, biziň ýurdumyzda täsin taryhy-binagärlik, medeni we tebigy ýadygärlikleriň bardygyny, syýahatçylyk düzüminiň ösdürilýändigini, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. 



Ýurdumyzda iri desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türk işewürlerini Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasyna giňden gatnaşmaga çagyrdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtyny gurmagyň 15-nji nobatdakysy barada aýtdy hem-de geljegi uly bu taslama türk kompaniýalarynyň hem gatnaşyp biljekdigini nygtady. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem gurluşykda, şol sanda ýol gurluşygynda uly wezipeleri goýýan sebitleri 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň milli maksatnamasyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda her bir sebitiň logistik, tebigy, önümçilik, gazyp alýan, syýahatçylyk we beýlekiler ýaly artykmaçlyklaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýän düzümler kemala getirilýär. Tutuş senagat toplumlary döredilýär, täze obalar we şäherler peýda bolýar, obada durmuş ulgamy ösýär. Türkmenistan gazyp alýan we oba hojalyk ýurdy bolmagyndan innowasiýa we senagat önümçilikli ýurda öwrülýär. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, oba hojalyk toplumy boýunça hem, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, maldarçylyk we beýlekiler babatda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri açylýar. 



Türkmenistan gyzykly we peýdaly taslamalaryň ählisini, eger-de olar aýratyn-da, innowasion häsiýetli ykdysadyýetiň kemala getirilmegine gönükdirilen bolsa, goldamaga taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Munuň özi anyk taslamadan diňe bir peýda getirmeli maýa goýumlary bolman, pudaklarda täze işleri herekede getirýän maýa goýumlardyr. 



Mahlasy, biziň uly we batyrgaý maksatlarymyz bar, olaryň hemmesi durmuşa geçirerliklidir. Biziň öňümizde köp ýollar açykdyr. Ýöne olaryň hemmesi bir nokatda birleşýär—ol biziň halklarymyzyň bähbitleri we abadançylygy, adamlaryň durmuşynyň hiliniň gowulanmagydyr. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň milli ösüş strategiýasynyň esasy maksady bolup durýar. 



Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. 



Forumyň işine üstünlik arzuw edip we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde onuň ähmiýetini belläp, dostlukly ýurduň Lideri Ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmeginden, aýratyn hem täsin bedewlerde çapyksuwarlaryň çykyşlaryndan özünde galan täsirlerini paýlaşdy. 



Biz doganlyk türkmen halkynyň gazanan üstünliklerine buýsanýarys. Häzir ol öz milli Lideriniň baştutanlygynda oňyn özgertmeler ýolunda ägirt uly üstünlikleri gazandy diýip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti aýtdy. Häzir Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan--bu çalt depginler bilen ösýän döwlet bolup, bu ýerde durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli maksatnamalar we iri taslamalar ýaýbaňlandyryldy. Olar Türkiýede uly goldawa eýe boýlar. 



Biziň ýurtlarymyzyň köp ugurlarda, şol sanda oba hojalyk, senagat, ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilikleri bar diýip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň işewürleriniň şol gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. 



Ýokary derejede we özara bähbitli esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen, biz öz halklarymyza gatnaşyklar we ösüş üçin giň mümkinçilikleri döredýäris diýip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belledi. Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikirleriň meňzeşdigini nygtamak bilen, türk lideri taraplaryň olara has uly depgin bermekçidigini aýtdy. 



Döwletleriň ikisi hem öz halklarynyň bähbidine işewür gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini ykrar edýärler. Türkiýe öz tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň maksatnamalaryny amala aşyrmaga, , şol sanda özlerini gowy tarapdan görkezen kompaniýalaryň önümlerini we hyzmatlaryny bermek bilen durmuşa geçirmäge öz goşandyny goşmaga çalyşýar diýip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belledi. 



Türk işewürleri Türkmenistanda has uly gaýrat bilen işlemeli diýip, Türkiýäniň Baştutany türkmen bazarynda işleýän firmalaryň üstünlikleri bizi buýsandyrýar diýip belledi. Şol işleriň hatarynda türk gurluşykçylarynyň Aşgabadyň halkara howa menzilini, Olimpiýa şäherçesini , Türkmenbaşy portyny, energetika beketlerini, nebitgaz pudagyndaky desgalary gurmaga işjeň gatnaşmagy bardyr. Türk kompaniýalary Aşgabat--Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň taslamasyny hem amala aşyrmaga gatnaşýarlar. Türk lideri iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikdäki maýa goýum işleri bilen daşarky bazarlara çykmak üçin mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. 



Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara VI maýa goýum forumynyň ähmiýeti bellenildi. Ol Türkiýeden, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan wekilleriň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň martynda geçiriler. Şol forum Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny berkider diýip, Türkiýe Respublikasynyň baştutany onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary has-da güýçlendirjekdigine ynam bildirdi. 



Prezident Rejen Taýyp Ärdogan sözüni jemläp, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň wekillerine iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny täze derejä çykarmagy, türkmen döwletini ösdürmek boýunça uly möçberli wezipeleri çözmekde öz goşantlaryny goşmagy, egin-egine berip işlemegi ündew etdi. 



Dostlukly döwletiň baştutany şu işewürler maslahatynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we geljegi uly bolan türkmen bazarynda Türkiýäniň beýleki kompaniýalaryny hem ilerletmegiň ýolunda täze itergi boljakdygyna umyt bildirdi. 



Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň işewür toparlarynyň giň gerimli hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady möhüm ýagdaý bolup durýar. 



Iki döwletiň Baştutanlarynyň arzuwlary maslahata gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy. Bu maslahatyň esasy wezipesi ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary iş ýüzüne geçirmek üçin ylalaşylan ugurlary we meýilnamalary kesgitlemek bolup durýar. 



Soňra maslahat işewür ýagdaýda dowam etdi. Oňa gatnaşyjylaryň çykyşlarynda netijeli döwletara gatnaşyklary üçin giň meýdanyň bardygy nygtaldy we olary giňeltmek boýunça teklipler ara alyp maslahatlaşmak üçin teklipler öňe sürüldi. 



Türkmen tarapynyň wekilleri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bolup geçýän özgertmeleri häsiýetlendirip, olary ösdürmegiň has ähmiýetli görkezijileri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Ykdysady özgertmeleriň innowasion esasyna, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýyna hem-de daşary yurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin döredilen amatly şertlere, ösen düzüme aýratyn üns berildi. Bular daşary ýurtly işewürler üçin uly mümkinçilikleri döredýär. 



Işewür ýagdaýda geçen maslahatyň çäklerinde ministrlikleriň we edaralaryň, döwlet we hususy kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy. Olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýlup, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary kesgitlendi. 



Häzirki zaman ykdysatçylarynyň tassyklaýşy ýaly, önümçiligiň maddy däl ugurlaryna, ýagny bilimlere we tehnologiýalara maýa goýumlary üstünlikli ykdysady ösüş üçin aýgytlaýjy bolup durýar. Bu mesele işewürler maslahatynyň “meýdanlarynda” hem öz beýanyna eýe boldy. Beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri gozgaldy we ýakyn geljek üçin anyk meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. 



Duşuşyklaryň barşynda maslahata gatnaşyjylar işewür hyzmatdaşlary bilen peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga, saýlanyp alnan ugurda geljekki işleriň ugurlaryny kesgitlemäge, haryt dolanyşygynyň möçberiniň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesi bilen deňeşdirip boljak ösüş depginlerine eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça möhüm başlangyçlary we çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar. 



Maslahatyň ahyrynda Türkiýeden gelen myhmanlar mähirli myhmansöýerlik hem-de bilelikdäki işleriň oňyn netijeleri berjekdigi baradaky ynamy ýöredýän gepleşikleriň we geňeşmeleriň netijeliligi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. 



Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman Gypjaga bardy we şol ýerde aramgähe gül dessesini goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady, şeýle hem Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. 



Türkiýe Respublikasynyň Baştutany Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna hem gatnaşdy. Asylly däbe görä, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bu ýerde ýerleşen hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy. 



Şol gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi, şol ýerde Türkiýäniň Baştutanyna şu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly professory diýen ady dakmak dabarasy boldy. 



Türkmenistanyň Ýokary attestasion komitetiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine parahatçylygy we jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy pugtalandyrmak, türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklary berkitmek işine goşan saldamly goşandy, şeýle hem ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ajaýyp hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormatly professory diýen ady dakmak hakyndaky çözgüdi yglan edilýär. 



Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana degişli diplom gowşurylýar hem-de akademiki mantiýa geýdirilýär. 



Türkiýäniň Lideri ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem Türkmenistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Hormatly professory diýen adyna eýe bolmak babatda bildirilen hormat-sarpa üçin Halkara gatnaşyklary institutynyň işgärlerine we talyplaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we muňa iki doganlyk halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde baha berýändigini belledi. 



Prezident Rejep Taýyp Ärdogan şu gün ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtap, diňe bir türkmen we türk halklarynyň ruhy hem-de medeni kökleriniň umumylygy däl, eýsem, dünýä we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň gabat gelmegi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup durýar diýip aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Türkiýe Türkmenistany diňe bir ygtybarly strategik hyzmatdaş hökmünde däl, eýsem, oňat dost we dogan hökmünde görýär. Bu bolsa türkmen-türk özara gatnaşyklaryna yzygiderlilik, açyklyk we ynam häsiýetini berýär. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça depginli ösüşini kanagatlanma bilen belläp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bu işde türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly we aýratyn ornuny nygtady. Türkiýäniň Baştutany gumanitar ulgamyň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bu ugurda ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady. 



Türk Lideri öz çykyşynda şu ýyl öz ýurdunda çuňňur hormat goýulýan ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk şanly senesini baýram etmegiň çäklerinde çäreleriň giňden we dabaraly geçirilendigini nygtady. Beýik akyldaryň mirasynyň ynsanperwer ähmiýeti barada aýdyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň hem medeni-gumanitar ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünligine aýdyň tassyknama bolup durýandygyny belledi. 



Ylmyň we bilimiň möhüm orny barada aýtmak bilen, türk Lideri iki ýurduň alymlarynyň, mugallymlarynyň we tejribeli bilermenleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň medeni aragatnaşyklaryň baýlaşmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi. Şu babatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň umumy taryhyny, milli we medeni däplerini öwrenmek boýunça bilelikdäki ylmy barlaglaryň geçirilmeginiň döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. 



Çykyşynyň ahyrynda belent mertebeli myhman öz işine berlen ýokary baha, mähirli kabul edişlik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkiýäniň Baştutany doganlyk türk we türkmen halklarynyň has-da ýakynlaşmagy, iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin mundan beýläk hem ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. 



Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 



Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli türk myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda gutlag sözleri bilen çykyş etdi. 



Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Liderleri mähirli hoşlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan däp bolan dostlukly we özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we ösdürmek ýolunda täze ädim bolan gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. 



Türk Lideri “Oguzhan” Köşkler toplumyndan çykyp, Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline tarap ugrady. 



Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Watanyna ugrady. 

 

* * *



Şol gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapar mahalynda ýanynda bolýan maşgalasy hanym Emine Ärdogan üçin medeni maksatnama guraldy. Onuň çäklerinde myhman Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, onuň ekspozisiýasy bilen tanyşdy. Ussat halyçy gelin-gyzlarymyzyň dokan halylary onda uly täsir galdyrdy.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

 

 

Esasy