Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

08.12.2017 Annaniýaz Jepbarowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” ady berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary nazara alnyp, Ahal welkatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň baş hünärmeni Annaniýaz Jepbarowiç Jepbarowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakyldy.

06.12.2017 Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň sungat ussatlarynyň konserti bilen döredijilik forumy tamamlandy

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.

06.12.2017 Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Çung Tae-Ini kabul etdi.

05.12.2017 Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna itergi berýär

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň bilelikdäki 9-njy mejlisi geçirildi.

07.11.2014 Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. 

06.11.2014 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, şonda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň şu ýylyň on aýyndaky işleriniň netijelerine garaldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde ileri tutulýan wezipeler, döwletiň içeri we daşary syýasatyna d

03.11.2014 Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

02.11.2014 Türkmenistan – jemi içerki önümiň ösüş depginleri boýunça dünýä liderleriniň biri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň üstünligi Halkara pul gaznasy tarapyndan ykrar edildi 

 


TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

26.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 17–22-nji fewraly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

04.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 29–31-nji ýanwary aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

 

23.07.2018 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2018-nji ýylyň 16–19-njy iýuly aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde bikanun pullary boýunça "Kriptowalýutalary, gara tory hem-de açyk çeşmelerden alnan maglumatlary ulanmak bilen bagly bikanun alnan girdejileri kanunlaşdyrmak boýunça işleri derňemek" atly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

 

02.07.2018 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2018-nji ýylyň 24–29-njy iýuny aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Paiž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

28.05.2018 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2018-nji ýylyň 22–25-nji maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara gurama bolan Ýewraziýa Toparynyň (ÝAT) 28-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.

 

09.04.2018 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2018-nji ýylyň 03–05-nji apreli aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde bikanun pullary boýunça "Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk bilen bagly bikanun maliýe akymlaryň öňüni almak" atly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

 

Bildiriş TM

 

31.07.2018 2018-nji ýylyň 13-17 awgusty aralygynda Malaýziýa Respublikasynyň Kuala Lumpur şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ulgamlara bilermen baha berijileri taýýarlamak babatda okuw sapary meýilleşdirilýär.

 

31.07.2018 2018-nji ýylyň 24-28 sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ulgamlara bilermen baha berijileri taýýarlamak babatda okuw sapary meýilleşdirilýär.

 

28.08.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Latwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary meýilleşdirilýär.

 
Copyright 2010-2019 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy