04.04.2019 Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

 

 

 

Döwlet Baştutanymyz 1-nji aprelde geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda bu meselä degip geçmek bilen, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, şol sanda onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Mejlisiniň we BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şu günki waka milli parlamentiň, Ilat gaznasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Resminama ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy we Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky edarasynyň direktory Juliýa Waleze gol çekdiler.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam eder. Şol gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe boldy hem-de hil taýdan täze derejä çykaryldy. Hyzmatdaşlyk maksatnamasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz özüniň parahatçylyk döredijilikli kuwwatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirýär.

Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen BMG-niň halkara-hukuk resminamalarynyň esasynda kabul edilen adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek baradaky maksatnamalary hem-de meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär, ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen demokratik özgertmeleri amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen tassyklanylan Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy hem-de gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu çäre ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şol edaralaryň gatnaşmagynda maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň onlarçasy üstünlikli durmuşa geçirildi.

«Gender deňligini çaltlaşdyrmak üçin ulgamlary we mehanizmleri berkitmäge goldaw bermek» taslamasynyň işlenip taýýarlanylan iş meýilnamasy bäşýyllyk maksatnamany ýerine ýetirmegiň bir bölegidir. Ol özara gatnaşyklaryň ozal gazanylan üstünliklerine esaslanýar hem-de 2019-njy ýyl üçin işiň esasy ugurlaryny we çärelerini kesgitleýär.

Düýn türkmen paýtagtynda BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda:

— BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikdäki «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek» atly taslamanyň 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna; — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikdäki «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamasynyň 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna;

— BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikdäki «Gender deňligini çaltlaşdyrmak üçin ulgamlary we mehanizmleri berkitmäge goldaw bermek» atly taslamanyň 2019-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;

— ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilliginiň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasyndaky «2016 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasy we «2019 — 2020-nji ýyllar üçin iki ýyllyk Iş meýilnamasy — çagalaryň hukuklary babatynda hyzmatdaşlyk» hakynda resminamalar bar.

 

***



Şu gün Daşary işler ministrliginde daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary üçin brifing geçirildi. Onuň barşynda gol çekilen 2019-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň iş meýilnamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen bölümleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek meseleleri beýan edildi.

 

 

Esasy