27.10.2014 Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Şu gün agzybir we bitewi türkmen halky esasy hem-de beýik baýramçylyk hasaplanýan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk toýuny toýlady. Şu gün tutuş ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda yglan edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan täze taryhy eýýamyň ýokary döredijilik ruhuny açyp görkezýän umumymili dabaralar ýaýbaňlandyryldy. 



27-nji oktýabr aýratyn, ykbal çözüji sene hasaplanylýar. Çünki bu sene bilen türkmen döwletiniň garaşsyz taryhy başlanýar. Halkara giňişliginde mynasyp orny eýelemek bilen, ýurdumyz tutuş dünýäde oňyn daşary we içeri syýasaty, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň abadan durmuşyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri arkaly giňden tanalýar. Garaşsyzlygyň her bir senesi biziň üçin saýlap alan parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik, uly üstünlikleriň, türkmen halkynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ýolda gazanýan şöhratly ýeňişleriniň anyk nyşanyna öwrülýär. 



Bu şanly günde Watanymyzyň ýüregi bolan ýurdumyzyň merkezi meýdançasy baýramçylyk dabaralarynyň künjegine öwrüldi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysynda bu ýyl uly üstünliklere, ýeňişlere beslendi. Gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan ägirt uly özgertmeler bolup geçdi. Häzirki döwürde türkmenistanlylar Watanymyzyň ähli sebitlerini, hatda çetdäki künjeklerini öz içine alan iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň şaýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, oňa işjeň gatnaşýarlar. 



Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn milli we pudaklaýyn maksatnamalar, senagat, medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly köpsanly desgalaryň yzygiderli gurlup, şu ýyl ulanylmaga berilmegi asylly başlangyçlaryň rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen bir hatarda, milli ykldysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny, halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny ugur edinýän birnäçe täze möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. 



Asylly däbe görä, Garasşzyzlyk baýramçylygy mynasybetli milli Liderimiziň gatnaşmagynda ak mermerli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we obalarynda köpsanly dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralary boldy. 

 



Aşgabady ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň çäklerinde ähli degişli düzümleri öz içine alýan häzirkizaman desgalar toplumy gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda şu ýylyň 1-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň durky düýpli täzelenen böleginde 14 sany ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlaryna dürli pudaklaryň işgärleriniň 1072 maşgalalary göçüp geldiler. Şeýle hem bu ýerde birnäçe edara ediş, durmuş we beýleki maksatly desgalar, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalar, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen iki mekdep we iki çagalar bagy, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň, Işewürlik merkeziniň we ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçi” söwda merkeziniň binasy peýda boldy. Şeýle hem şol gün paýtagtymyzda şäheriň merkezinde bina edilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasy ulanylmaga berildi. Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde “Berzeňňi” mineral bejeriş suwy kärhanasy paýtagtymyzda täze gurlan binalaryň üstüni ýetirdi. 



Ýurdumyzda täze döwrebap obalaryň gurulmagy, olarda ýaşaýyş üçin şäher şertinden pes bolmadyk ähli mümkinçilikleriň döredilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli aýratynlygydyr. 2-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda gurlup ulanmaga berlen “Täze zaman” obasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol gün ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli hereket edýän desgalaryň sany Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda ýerleşýän zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän täze kärhana bilen ýetirildi. 



Paýtagtymyzda başlan täze binalaryň açylyş dabaralary ýurdumyzyň sebitlerinde dowam etdi. Munuň özi Diýarymyzyň ähli künjeklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ýyl-ýyldan giňelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu aýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda birnäçe durmuş-ykdysady maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berildi. Olar Balkan welaýat kitaphanasyndan we Balkanabatdaky köpugurly söwda bazaryndan, Jebel şäherçesinde bejeriş palçygyny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanadan, Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumyndan, kiçi gazturbinaly elektrik bekedinden, döwrebap bazardan we myhmanhanadan, şeýle hem Türkmenabatdaky welaýat kitaphanasyndan hem-de köpugurly söwda bazaryndan ybaratdyr. 



Şý ylyň 20-nji oktýarynda Lebap welaýatynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky möhüm wakadyr. Döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň gadymy demokratik ýörelgelere we pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine wepalylygyny alamatlandyrýan umumymilli maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri, täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi. 



Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän we oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugry özüniň oňyn netijesini berýär we halkara giňişliginde Watanymyzyň uly abraýa eýe bolmagyny şertlendirýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oýlanyşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň ykrarnama we goldawa eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden we beýleki möhüm halkara maslahatlarynda sebit we ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürülýän başlangyçlar halkara derejesinde goldaw tapýar. 



Şu ýylyň sentýabr aýynda Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň IV Sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar, Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazaryň suw biologik serişdelerini saklamak we olary rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk gazanylmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem maslahatyň barşynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň kabul edilmegi ýurdumyzyň Hazar deňziniň gidrometeoroliýasy we onuň hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça utgaşdyryjy komitetinde başlyklyk edýän döwrüne gabat geldi. Mundan başga-da, Sammitde döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklar boýunça täze teklipderi öňe sürdi. 



Şu ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen halkara hyzmatdaşlygynyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ähmiýetine bagyşlanan ýokary derejedäki Halkara maslahaty ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny alamatlandyrdy. Hormatly Pezidentimiziň wekilçilikli maslahata gatnaşmagy we onuň açylyşynda ýurdumyzyň bu strategik taýdan möhüm ulgamda hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny äşgär edýän çykyşy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. 



Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl daşary ýurtlara guran saparlarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň baştutanlarynyň bize bolan saparlarynyň barşynda geçirilen gepleşikler we duşuşyklar däp bolan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. 



Umuman, şu ýyl köpsanly möhüm wakalara baý boldy. Olaryň hatarynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk dabaralary aýratyn möhüm orun eýeleýär. Beýik şahyryň döredijilik mirasy bahasyz milli gymmatlygymyz bolmak bilen, dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu şanly senä ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köpsanly dabaraly çäreler bagyşlandy. Olaryň hatarynda dünýäniň onlarça döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmmatlyklary” atly Halkara ylmy maslahaty bar. 



Türkmenistanyň garaşsyzlygyny almagy bilen, gadymy söz ussatlarynyň we akyldarlarynyň garaşsyz, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet baradaky arzuwlary wysal boldy. Häzir ýurdumyzda agzybir we bitewi halkymyz agzybir ýaşaýşyň, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 23 ýyllyk baýramyna ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyz uly zähmet üstünlikleri bilen geldi. 



... Şu pursatda paýtagtymyzdaky merkezi meýdança baýramçylyk dabaralaryna taýýar boldy. Ýurdumyzyň baş meýdançasy bu şanly senäni baýramçylyk lybasynda garşylady. Hormat münberlerinde hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak düzümleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri bar. Olaryň hatarynda hormatly ýaşulular, ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan baýramçylyga gatnaşmak üçin gelen köpsanly myhmanlar bar. 



Sagadyň dilleri 10.00 görkezdi. Döwlet münberine hormatly Prezidentimiz geldi. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi uly ruhublelentlik bilen garşyladylar. 



Asylly däbe görä, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýörişden başlandy. Ol häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň asylly däplerini mynasyp dowam edýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, parahatçylygyň, mähriban topragyň asudalygynyň, halkymyzyň abadan we döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durýan türkmen esgerleriniň ýokary hünär derejesini äşgär etdi. 



Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada hasabat berýär. 



Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary galdyrylýar. 



Meýdançada duran türkmen esgerleri, serkerdeler we harby talyplar mähriban Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetirýärler. 



Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukybynyň berkidilmegi we maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwreplaşdyrylmagy, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagy, harby gullukçylar üçin degişli gulluk we durmuş şertleriniň döredilmegi, täze görnüşli harby şäherçeleriň, döwrebap serhet galalarynyň, Watanymyzyň goragçylary we olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bilen baglanyşykly işler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilendir. Şunda, milli Ýaragly Güýçlerimiziň tutuş kuwwatynyň parahatçylygyň berkarar edilmegine gönükdirilendigini bellemeli. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçiýrän Harby doktrinasy goranyş häsiýetinde bolup, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 



Harby gullukçylar döwletimiziň yzygiderli aladasyna täze harby tehnikalara, ýaraglara ussatlyk bilen erk etmek, ýokary amaly we söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek arkaly mynasyp jogap berýärler. Her ýylda uly üstünlik bilen geçirilýän harby-tehniki meýdan okuwlary munuň aýdyň subutnamasydyr. 



Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň hormatyna guralan harby ýöriş Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklary bilen açylýar. Aýratyn hormat garawuly batalonynyň esgerleri Watan goragçylarynyň buýsanjy bolan söweşjeň baýdaklary belentde tutup, harby ýörişiň öňüni çekýär. Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde tälim alýan harby okuwçylar, Watanymyzyň geljekki goragçylary geçýärler. Olaryň ýüzlerinde ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň watansöýüjilik ruhy äşgär duýulýar. 



Watana gulluk etmegi ömrüniň maksadyna öwren Milli Goşunymyzyň serkerdeleri dabaraly harby ýörişi dowam edýärler. Olaryň sazlaşykly ädimi ýörişe özboluşly bezeg berýär. 



Zenan harby gullukçylarynyň dabaraly ýörişi has-da täsirli boldy. Ýurdumyzyň harby ýokary okuw mekdeplerinde okaýan harby talyplar Watan öňündäki gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. 



Soňra motoatyjy batalonyň esgerleri harby ýörişi dowam edýär. Olaryň ýokary söweşjeň ussatlygy ýurdumyzyň howpsuzlygynyň pugta kepili bolup durýar. Dabaraly harby ýörişiň barýamçylyk hataryny uçarmanlar batalony dowam edýär. Harby uçarlara başarjaňlyk bilen erk edýän uçarmanlar Garaşsyz Watanymyzyň asman giňişliklerini pugta goraýarlar. 



Döwlet münberiniň öňünden Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň harby gullukçylary geçýärler. Merdana gullukçylary synlanyňda, deňiz çäklerimiziň ygtybarly gollardadygyna göz ýetirýärsiň. Dabaraly harby ýörişi ýörite maksatly paraşýut-desant batalony dowam edýär. Sagdyn bedenli, berdaşly esgerler Watanymyzyň buýsanjydyr we polat galkanydyr. Döwlet münberiniň öňünden deňiz pyýada batalonynyň harby gullukçylary geçýärler. Deňiz çäklerimizi goraýan bu merdana esgerleriň ynamly gadamy olara bolan buýsanjyňy artdyrýar. 



Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan asmana atyjylar batalonynyň harby gullukçylary geçýärler. Olaryň göni hatarlary dabaraly ýörişe özboluşly bezeg berýär. 



Soňra raýat goranyş we halas ediş işleri batalonynyň harby gullukçylary geçýärler. Olar adatdan daşary ýagdaýlarda gyssagly kömek bermek, onuň zyýanyny aradan aýyrmak boýunça ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler we öňlerinde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelýärler. 



Dabaraly harby ýörişiň dowamynda merkezi meýdançada ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyplary peýda bolýar. Olaryň yzysüre Serhet institutynyň talyplary we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly bölümleriniň harby gullukçylary geçýärler. Serhetçi esgerler Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda berk durup, halkymyzyň parahat we asudy durmuşyny üpjün edýärler. 



Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzda kanunçylygyň, tertip-düzgüniň üpjün edilmegine we berkidilmegine ägirt uly goşant goşýan polisiýa işgärleri, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň harby talyplary, geljekki kanun goragçylary geçip gidýärler. 



Ýurdumyzyň baş meýdançasynda atly harby gullukçylaryň peýda bolmagy dabaraly harby ýörişiň täsirini artdyrdy. Gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewler” türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy saýylypdyr. Häzirki taryhy eýýamda ahalteke bedewleri Watanymyzyň goragçylarynyň, tertip-düzgüni üpjün edijileriň ygtybarly kömekçileridir we olar bilen bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hem-de Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde atçylyk bölümleri döredildi. Olar häzirki döwürde milli Liderimiziň we şöhratly pederlerimiziň göreldesine eýerip, mynasyp gulluk edýärler. 



... Merkezi meýdançada kuwwatly motorlaryň sesi eşidilip başlanýar. Harby ýöriş döwrebap harby tehnikalaryň ýörişi bilen dowam etdi. Häzirki döwürde milli Ýaragy Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandy. Döwlet münberiniň öňünde aýratyn maksatly ýörite bölümler üçin niýetlenen “BARS” harby awtomobili peýda bolýar. Olaryň yzyndan birinji kerweniň düzüminde kuwwatly T-90 we T-72 tanklary ýörişi dowam edýär. Bu kuwwatly tehnikalar guryýer goşunlarynyň urgy toparlarydyr. Häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalarynyň biri bolan BMP-3 kysymly pyýada goşun söweşjeň ulagy harby ýörişi dowam edýär. 



Dabaraly harby ýöriş “2S-1 Gwozdika” we “2S-3 Akasiýa” kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalarynyň, şeýle hem “Şilka” we “Strela-10” kysymly asmana atyjy toplumynyň ýörişi bilen dowam edýär. Türkmen esgerleri kuwwatly harby tehnikalara ussatlyk bilen erk edýärler we ussatlyklaryny kämilleşdirýärler. 



Ikinji ýeňil awtoulaglar kerweniniň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly “Toýota HILUХ”, “MANTRA”, “PMV- SURVIVOR –II”, “IVECO” kysymly ýörite maksatly awtoulaglary dabara bilen geçýärler. 



Olaryň yzyndan hatar gurap gelýän, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli “PMV- SURVIVOR –II” we “Toýota TUNDRA PLATINUM” kysymly sowutlanan ýeňil awtoulaglar baýramçylyk meýdançasyna özboluşly bezeg berýär. 



Meýdançada 3-nji mehanizirlenen kerwen peýda bolýar. Onuň düzüminde döwlet münberiniň öňünden aýratyn maksatly polkuň harby tehnikalary geçýär. Ýörişiň başyny “Bars” kysymly ýeňil sowutlanan harby awtoulag çekýär. Aýratyn maksatly ýörite bölümler üçin niýetlenen “Land Rower” kysymly ýeňil sowutlanan harby ulaglar baýramçylyk ýörişini dowam edýär. 



Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişe “KARAKAL” kysymly tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy hem gatnaşýar. 



Öz nobatynda, Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki kämil söweş tehnikalary bolan BTR-80A, BTR-80M we BTR-80 bronetransportýorlaryndan düzülen toparlar meýdançadan geçýärler. 



Dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde döwlet münberiniň öňünden “D-30” we “D-20” kysymly gaubissalar, şeýle hem 152 millimetrlik “MSTA-B” kysymly tirkege alynýan top hem geçýär. Harby tehnikalaryň ýörişi “BM 21A Belgrad” hem-de “Smerç” kysymly reaktiw artileriýa toplumlarynyň geçmegi bilen dowam edýär. 



Meýdançada bäşinji mehanizirlenen kerwen peýda bolýar. Onuň düzüminde “Rohde Şwars” kysymly döwrebap harby radioaragatnaşyk serişdesi ýerleşdirilen “Land Rower” kysymly ýeňil sowutlanan harby awtoulag, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Howa hüjüminden goranyş goşunlaryndaky kuwwatly ýaraglar bar. Münberiň öňünden “Peçora—2M” kysymly asmana atyjy raketa toplumy, şeýle hem “MAZ” awtoulagyň binýadynda ýerleşdirilen “S-200B” kysymly asmana atyjy raketa toplumy geçýär. 



Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi asmanda dowam etdirilýär. Meýdançanyň ýokarsynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleriniň 4 sany Mi-17 W5 kysymly harby dikuçary, olaryň yzýany bilen bolsa MiG-29 kysymly uçarlar peýda bolýar. Olary uçuşlaryň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Olar söweşjeň dikuçarlara we uçarlara ussatlyk bilen erk edip, ata Watanymyzyň asuda asmanynyň ygtybarly goralýandygyny alamatlandyrýan ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler. 



Ýörişe gatnaşýan kuwwatly ýerüsti we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, milli Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek meselelerine hemişe uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 



Ýörişiň “howa” bölümi tamamlanandan soň, döwlet münberiniň öňünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary peýda bolýarlar. Olar Garaşsyzlygymyzyň şanly 23 ýyllyk baýramçylygyny nyzam emelleri bilen dabaralandyrýarlar. Olar nyzamly ýörişi bilen baş baýramymyzyň 23 ýyllygyna bagyşlanan ýazgyny, şeýle hem türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda onuň wepaly dosty bolan ahalteke bedewiniň keşbini şekillendirýärler. 

 



Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Birleşen harby orkestri jemleýär. Bu orkestr şanly sene mynasybetli özüniň saz sowgadyny taýýarlady. 



... Ägirt uly baýramçylyk dabarasynyň ikinji bölegi başlanýar... 



Ine-de, dutaryň şirin owazy belentden ýaňlanýar hem-de meýdançada ajaýyp ahalteke bedewlerinde däp bolan milli lybasdaky atlylar peýda bolýar. Ak ata atlanan, elinde Türkmenistanyň ýaşyl tuguny saklap gelýän atlynyň öňüni çekip gelýän, baýramçylyk lybasyna beslenen ajaýyp bedewleriň kerweni Garaşsyzlygyň baýdagy astynda geçen we milletimiziň taryhy senenamasynyň üstüni köpsanly üstünlikler bilen ýetiren şöhratly ýyllaryň özboluşly alamatyna öwrüldi. 



Alypbaryjy ahalteke bedewiniň halkymyzyň ykbalynda tutýan orny barada gürrüň berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz ahalteke bedewini ählumumy söýginiň münberine çykaryp, asyrlaryň we köpsanly nesilleriň arabaglanyşygyny, ýeňişleriň we zähmetiň sazlaşygyny, zehini we döredijiligi alamatlandyrýan ýurdumyzyň aýdyň nyşanyna öwürdi. Ahalteke bedewiniň bütin dünýädäki şan-şöharytyny artdyrmak işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary çäksizdir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli atçylyk pudagy täze belentliklere çykdy, ýurdumyzda onuň düzümini ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atçylyk görnüşlerini we milli däp-dessurlary wagyz etmek boýunça möhüm çäreler görülýär. 



Türkmenistan bu ulgamda ykrar edilen dünýä merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän iri gözden geçirilişlerde, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynda we at çapyşyklarynda ýeňiş gazanýarlar. Olar sirk sungatynda, hususan-da, at üstündäki oýunlarda öňdäki orunlary eýeleýärler. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň nobatdaky ýeňşi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu gezek meşhur topar golaýda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen Halkara sirk sungatynyň festiwalynda ajaýyp ýeňiş gazandy. 



Bedewleriň gatnaşmagynda geçirilen dabara ýurdumyzyň baş baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi ýurdumyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Örän owadan, syratly hem-de dürli reňkde öwüşgin atýan ajaýyp bedewler çapyksuwarlaryň ussatlyk bilen erk etmeginde sazlaşykly hereketlerini görkezýärler. 



Däp bolan şaý-seplere beslenen syratly ahalteke bedewi meýdança getirilýär. Eziz Watanymyzyň hem-de ähli türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hormat-sarpanyň nyşany hökmünde hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan bu ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berilýär. 



Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli dabaralar dowam edip, adamlaryň millionlarçasyny birleşdirýär: telewizion gepleşikler ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan ildeşlerimize göni ýaýlymda paýtagtymyzyň baş meýdançasynda bolup geçýän wakalara syn etmäge mümkinçilik berdi. Çünki däp bolan ýöriş diňe bir ajaýyp dabara bolmak çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň özboluşly görkezilişidir. Garaşsyzlyk eýýamyyň her bir ýyly ýurdumyzyň ýylýazgysyna şöhratly sahypalary ýazýar. 



Ine-de, meýdançada ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleriniň hatarlary peýda bolýar. Ýörişi milli taryhymyzyň hemmelere oňat mälim bolan gahrymanlary açýarlar, olaryň yzýany bilen milli lybasdaky adamlar, elleri saçakly zenanlar, ýaşlar barýarlar. Uly karta bilen bezelen awtoulagyň üstünde ajaýyp göller, suratlar şekillendirilen özboluşly bezegler hem-de türkmen topragynyň naz-nygmatlary ýerleşdirilipdir. Kartada ýurdumyzyň her bir sebitiniň taryhy ýadygärlikleri hem-de täze binagärlik nyşanlary beýan edilipdir. Öň hatarda maşgala ojagynyň, mähriban öýüň mukaddes nyşany we milli däplere wepalylygyň alamaty hökmünde tamdyr ýerleşdirilipdir. Onuň ýanynda hormatly ýaşulular we ata-babalarymyzyň ruhy wesýetlerini dowam edýän ýaşlar bar. 



Münberiň öňünde köpöwüşginli edebi-sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar. Magtymguly Pyragynyň öçmez-ýitmez goşgy setirleri ýaňlanýar, welaýatlaryň tans toparlarynyň ýerine ýetirijileri biri-birini çalyşýan owadan nagyşly “suratlary” döredýärler. 



Ýörişe gatnaşyjylaryň hatarynda welaýatlaryň dürli düzümleriniň zähmetkeşleri bar. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen şäherlerimiz we obalarymyz abadanlaşdyrylýar we gözel görke gelýär, mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerine täze durmuş gelýär. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy, döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi şol özgertmeleriň esasyny düzýär. 



Sebitlerde amala aşyryýlan özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde mekdepleri we çagalar baglaryny, saglyk öýlerini we medeniýet öýlerini, söwda merkezlerini, aragatnaşyk bölümlerini we beýlekileri özüne birleşdirýän düzümli täze obalar gurulýar, ýeňillikli karzlar boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin şertler döredilýär. 



Dabaraly ýöriş dowam edýär, aýdym-sazyň belentden ýaňlanýan owazy bu dabara özbolşuly baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Dürli reňkdäki şarlaryň müňlerçesi asmana uçurylýar. 



Meýdançada ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlary peýda bolýar, olaryň ilkinji hatarlarynda ýurdumyzyň hormatly ýaşululary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Olaryň ellerinde garaşsyz hem bitarap türkmen döwletiniň baýdaklary parlaýar, dürli reňkli howa şarlarynyň ýüzlerçesi asmana uçurylýar. 



Ýüzlerçe adamdan düzülen hatarlaryň arasynda milli nyşanlarymyz bilen bezelen awtoulag sazlaşykly hereket edýär. Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň we Döwlet baýdagynyň golaýynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny hem-de onuň binagärlik nyşany bolan Konstitusiýa binasy şekillendirilen panno ýerleşdirilipdir. Ýörişiň barşynda alypbaryjy döwletimiziň, onuň raýat we jemgyýetçilik edaralarynyň ösüşinde jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyň işiniň tutýan orny barada gürrüň berýär. 



Jemgyýetçilik –syýasy gurluşy demokratiýalaşdyrmak boýunça ädilen möhüm ädimler Türkmenistanda köp partiýalylyk ulgamyny ösdürmek üçin hem berk binýady döretdi. Golaýda ýene-de bir partiýa—Agrar partiýa döredildi. Munuň özi ýurdumyzda raýatlarymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen syýasy hukuklaryny amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýörişe gatnaşýanlaryň arasynda täze partiýanyň wekilleri hem bar. 



Ýörişi Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we onuň edaralarynyň işgärleri dowam edýärler. Münberiň öňünden ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine öwrülen täze desgalar şekillendirilen awtoulag geçip gidýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi. 



Şu ýyl paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti täze ajaýyp desgalar bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda “Ak şäherim Aşgabat” binasy, şeýle hem täze edara binalary we kaşaň ýaşaýyş jaý toplumlary bar. Baýramçylyklara baý bolan oktýabr aýynyň birinji gününde paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda döwrebap desgalaryň ençemesiniň açylandygy hemmämiziň ýadymyzdadyr. Bu şaýoluň ugrunda belent ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş-medeni maksatly desgalary we häzirki zaman düzümini öz içine alýan täze toplum peýda boldy. Paýtagtymyzyň merkezinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze binasy açyldy. 



Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty sebitiň iri işewür we medeni merkezi derejesine eýe bolmak bilen okgunly ösýän döwrebap şäheriň täsin nusgasyny özünde jemledi. Geljegiň şäheri hasaplanýan ak mermerli paýtagtymyzda gözellik we amatlylyk, binagärligiň we inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşýar. Gurulýan binalaryň we desgalaryň ählisiniň esasy maksady raýatlarymyza hyzmat edip, olaryň zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan aýdym belentden ýaňlanýar, howa şarlarynyň ýüzlerçesi asmana uçurylýar. 



Münberiň öňünden türgenleriň köpsanly hatary geçýär. Olaryň arasynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar, olaryň tejribeli halypalary we tälimçileri bar. Häzirki wagtda ajaýyp sport toplumlary we stadionlar, 170-den gowrak sport mekdebi olaryň ygtyýaryndadyr. Şol mekdeplerde sport bilen meşgullanýan çagalaryň sany 2013-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende üç esse artdy. Munuň özi çagalaryň ýüz müňden gowragynyň sport bilen işjeň meşgullanýandygyny aňladýar. Aşgabatda sebitde iň iri Olimpiýa şäherçesi gurulýar. Onuň binýadynda eýýäm öňümizdäki aýda guşakly göreş we türkmen göreşi boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Şu ýylyň tomsunda Awaza windsýorfing boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylary garşylady. 



Soňra meýdançada türkmen topragynyň meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleriniň – Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň binagärlik gymmatlyklarynyň şekilleri peýda bolýar. Olaryň töwereginde alysdaky ülkelerden söwda kerweniniň gelmegi bilen baglanyşykly görnüş ýaýbaňlandyrylýar. Şondan soňky pursatlarda jarçylary, meýdan artistlerini, tomaşaçylary, täjirleri we alyjylary özünde jemleýän gündogar bazarynyň durmuşyndan sahnalar peýda bolýar. Meýdançada bu lybasly sahnany Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we onuň düzümleýin edaralarynyň işgärleri şekillendirýärler. Bezelen awtoulagyň üstünde ýurdumyzda halkara syýahatçylygyny ösdürmegiň esasy hökmünde Türkmenistanyň ajaýyp taryhy-medeni ýadygärlikleriniň şekilleri ýerleşdirilipdir. Suratly pannoda täze kaşaň myhmanhanalar we dynç alyş merkezleri, ýahtalar we ýelkenli gämiler şekillendirilipdir. Olar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşly bezegi bolup durýar. Platformanyň golaýynda Türkmenistanyň syýahatçylyk kartasynyň uly şekili ýaýbaňlandyrylýar. Onda syýahatçylyk ugurlary hem görkezilipdir. 



Türkmenistan syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin amatly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, özüni täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde ykrar etdirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda we howandarlygynda pudagyň innowasion düzümi, onuň netijeli döwrebap nusgasy döredilýär. 



Syýahatçylyk pudagynyň yzysüre meýdança ykdysady düzümleriň, maliýe-bank ulgamynyň işgärleriniň hatarlary çykýar. Panno we maketler Türkmenistanda işewür durmuşyň işjeňleşýändigini, milli puluň – manadyň hümmetiniň berkeýändigini şöhlelendirýär. Ýene-de sanlyja günden milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 21 ýyllygy bellenilip geçiler. 

 



Döwletimiziň ykdysady kuwwaty halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün etmäge ägirt uly serişdeleri gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, diňleýji we talyp haklarynyň möçberi artdyrylýar. Durnukly maliýe ulgamy, oýlanyşykly salgyt syýasaty netijesinde daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiligi barha artýar. 



Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen geldiler. Ýörişiň barşynda olaryň gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Ýörişi dokma senagatynyň işgärleriniň hatary dowam edýär. Olar meýdançada keteni matasynyň gözel keşbini ýada salýan ajaýyp görnüşi emele getirýärler, asmana dürli görnüşdäki şarlaryň örän köpsanlysy uçurylýar. 



Ýene-de meýdançada aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär. Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň awtoulag platformasy diňe bir artistler üçin sahna bolup hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem milli lybaslaryň äheňinde döredilen häzirki zaman lybaslarynyň nusgalarynyň görkezilýän sahnasyna öwrüldi. 



Ýurdumyzyň halyçylyk we dokma kärhanalarynyň işgärleri bu pudagyň gazananlaryny täsirli görkezmäge çalyşdylar. Häzirki wagtda bu pudakda gadymy senediň däpleri üstünlikli dowam etdirilýär. Joşgunly tansda haly dokamagyň ähli pursatlary ussatlyk bilen görkezilýär. Ahyrsoňy, gyzlar taýýar edilen halylary görkezýärler. 



Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň hormatyna guralan ýörişe obasenagat toplumynyň zähmetkeşleri hem köpçülikleýin gatnaşdylar. Bu toplum strategiki ulgamyň ähli pudaklaryny birleşdirdi. 



Şu ýyl edermen gallaçylarymyz Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 200 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar, geljek ýyl bolsa bugdaýyň 1 million 600 müň tonnasyny ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Garaşsyzlyk baýramyna çenli pagtaçylarymyz döwlet tabşyrygyny berjaý etdiler. Olar 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnadylar. Gök we bakja miwe hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şu ýyl hem täze önümçilik kuwwatlyklarynyň ençemesi – elewatorlaryň, gaýtadan işleýän zawodlaryň, maldarçylyk toplumlarynyň we beýleki kärhanalaryň köpsanlysy ulanmaga berildi. 



Münberleriň öňünde oňat bezelen ulaglar peýda bolýar, olarda sahawatly türkmen topragynyň ajaýyp miweleri we giň möçberli oba özgertmeleri netijesinde uly üstünliklere eýe bolýan ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ýokary hilli önümleri görkezilýär. Simwoliki şekillerde bugdaý sümmülleri we gowaça gozalary, ýygnalan hasylyň uly harmanlary, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary we beýlekiler şekillendirilipdir. 



Ýörişe gatnaşýanlaryň hatarynda “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň, Suw hojalygy ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň işgärleri bar. Obasenagat toplumyny we tutuş milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde oba hojalyk pudagyna, tebigy serişdeleri aýawly ulanmaga hem-de ekologiýa meselelerini üstünlikli çözmäge möhüm orun degişlidir. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 



Meýdançadan Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň işgärleri geçýärler. Olar ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň dürli görnüşlerini görkezýärler. Bu önümler ýörite awtoulagyň üstündäki pannolaryň bezeginde beýan edilipdir. 



Ýene-de asmana köpsanly dürli reňkdäki howa şarlary uçurylýar. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň zähmetkeşleri – ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän adamlaryň müňlerçesi geçýär. Olaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, ussatlar we esasy hünärmenler, şeýle hem ýaşlar bar. Umuman, şu gün baş meýdançadaky dabaralar ýörişe gatnaşyjylaryň, hem-de tomaşaçylaryň onlarça müňüsini birleşdirdi. 



... Söwda toplumynyň we hususy ulgamyň nobaty ýetýär. Ýörişe gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň esasy düzümleriniň işgärleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bar. Awtoulagyň üstündäki diwarlykda esasy söwda guramalary we hususy önümçilik kärhanalary, alyjylaryň isleglerinden peýdalanýan önümleri öndürýän, içerki bazarda berk orun eýeleýän, indi bolsa daşary bazarlara ynamly çykýan meşhur kompaniýalaryň nyşanlary beýan edilipdir. Hususy ulgamda oba hojalyk önümlerini öndürijilerimiziň golaýda Moskwada geçirilen “Altyn güýz-- 2014” atly bütinrussiýa obasenagat sergisinde gazanan üstünligi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonda olar birnäçe ugur boýunça altyn medallara mynasyp boldular. 



Türkmen döwleti bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, ykdysadyýetimiziň netijelliligini ýokarlandyrmak ugruna eýerip, telekeçilik işini hem-de ýurdumyzyň işewür toparlarynyň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär. Häzirki wagtda türkmen işewürleri tarapyndan döredilen kärhanalar gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda, halkyň sarp edýän harytlaryny, azyk önümlerini öndürmekde netijeli işläp, daşary ýurt kompanýialary bilen üstünlikli bäsleşýär. Ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalaryna örän iri we ähmiýetli taslamany – Aşgabady gurmagyň 13-nji tapgyrynyň desgalar toplumyny bina etmek taslamasyny amala aşyrmak ynanyldy. Golaýda paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze işewürler merkezi hem-de “Telekeçi” söwda toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. 



... Ýöriş dowam edýär – meýdançada dürli önümçilikleriň köpsanly işgärleri ýörite iş lybaslarynda, pudaklaýyn edaralaryň – Energetika ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň hünärmenleri peýda bolýar. Ulaglaryň üstünde Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berýän maketler we pannolar ýerleşdirilipdir. 



Bu ýerde ýurdumyzyň düýpli gurluşyk, elektroenergetika we awtomobil ýollary ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri görkezilýär. Häzirki wagtda bu ulgamlar köp babatda ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, maýa goýum ýagdaýyny kesgitläp, beýleki ýurtlar we daşary ýurtly kompaniýalar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýärler. Dünýäde gurluşyk, elektroenergetika tehnologiýalarynda bar bolan ähli täze zatlar milli düzümi ösdürmekde giňden ulanylýar. 



Diňe 2014-nji ýylyň dowamynda 400-den gowrak desgany ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Mysal üçin, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyz boýunça täze desgalaryň ençemesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol dabaralar bolsa baýramçylyk wakalaryna özboluşly öwüşgin çaýdy. Häzirki wagtda umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna golaý bolan dürli desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. 



Meýdançada Senagat ministrliginiň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň edaralarynyň işgärleri peýda bolýar. 



Senagat ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kärhanalaryň döwrebap tehnikalar we iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegini, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyny, önümçilik ösüşiniň we pudaklaýyn ylmyň höweslendirilmegini, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň bu ähmiýetli pudagynyň ähli ulgamlarynyň doly döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de sazlaşykly ösdürilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. 



Umumadamzat ösüşiniň tejribesi hut şu ulgama uly üns berilmegi bilen ösüşiň gazanylýandygy tassyklaýar. Hut şu ulgamyň ösdürilmegi netijesinde döwletleri dünýä ösüşiniň öňdäki hatarlaryna çykarýan ägirt uly ykdysady öňegidişilikler amala aşyrylýar. 



Türkmenistan nebitgaz ulgamynda hem şeýle orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky ýörişde bu toplumyň gazanýan üstünlikleri aýdyň görkezilýär. Ýörite bezelen awtoulagyň üstündäki maketlerde sähralarda we deňizde ýerleşýän buraw wyşkalary, dürli ugurlar boýunça çekilen turbageçirijiler şekillendirilipdir. Özleriniň tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan, dünýäniň esasy energetika döwleti hökmünde onuň derejesini berkidýän pudagyň işgärleri ýörişe gatnaşýanlaryň hatarlarynda dogumly ýöräp barýarlar. 



Şu ýyl Hojambaz etrabynda gazy gaýtadan işleýän, Serdarabat etrabynda gaz turbinaly elektrik bekedi, şeýle hem Mary şäherinde ammiak we karbrmid öndürýän zawodlar toplumy, gaz turbinaly elektrik bekedi işe girizildi. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropiden önümçiligi boýunça häzirkizaman gazhimiýa toplumynyň, Mary welaýatyndaky ägirt uly “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalanýan desgalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän we Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän täze zawodlaryň gurluşygyna girişildi. 



“Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça giň gerimli işler dowam edýär. Eýýäm geljek ýyl Türkmenistan—Owganystan-Paksitan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär, 2006-njy ýylda bolsa Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. 



Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny wasp edýän aýdymyň astynda horeografiýa çykyşy ýaýbaňlanýar, “oduň” uçgunlary täze ýangyç ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, türkmen gazynyň eksporta iberilişini artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň alamatyny aňladýar. Türkmen ýangyç serişdeleri olary alýan daşary ýurtlara bereketli türkmen topragynyň mährini ýetirýär. 



Soňra meýdançada ak-ýaşyl “Boing” peýda bolýar, onuň yzyndan otlularyň düzümi, ap-ak reňkli deňiz gämisi barýar. Bular “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Demir ýol ministrliginiň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işgärlerinden düzülen toparlaryň ýörite enjamlaşdyrylan awtoulaglarda yzygiderli hereketini görkezýär. Dabaraly baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylaryň ýörite iş lybaslary bu görnüşe aýratyn öwüşgin çaýýar. Olara guwanara zat kändir – 2014-nji ýyl bu pudaklar üçin düşümli boldy, olar öz ulgamlarynda uly üstünlikler gazandylar. 



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatlylygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta häzirki zaman ulag geçelgeleri kemala gelýär, olar deňiz, howa, demir ýol we awtoulag gatnawlaryny öz içine alýar. Iri halkara taslamasy bolan Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň gurluşygy tamamlandy, eýýäm şu ýyl bu polat ýoly Eýranyň demir ýol ulgamy bilen birleşdirmek göz öňünde tutulýar we dürli ýurtlardan gelýän ýükleriň üstaşyr geçirilmegi amala aşyrylar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde täze Halkara howa menziliniň ikinji terminalyny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ýene bir uly ähmiýetli halkara taslamasynyň -- Türkmenistan –Owganystan—Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy çaltlandyrylan depginde alnyp barylýar. 



Awtomobil ulaglary we Aragatnaşyk ministrlikleriniň düzüm bölekleriniň işgärleriniň ýörişi baýramçylyk dabarasynyň dowamy boldy. Şu ýyl halkara derejeli ýokary tizlikli, umumy uzynlygy 564 kilometre deň bolan Aşgabat-Türkmenbaşy döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär, Türkmenistan ýakyn wagtda älem giňişligine milli emeli hemrasyny uçurar. Bu pudaklaryň ösdürilmegi, olarda gazanylýan üstünlikler we ýetilen sepgitler ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly goşant boldy, bu üstünlikler ýörişde ussatlyk bilen guralan çeperçilik serişdeler arkaly ajaýyp görnüşde beýan edildi. 



Soňra baýramçylyk ýörişi saglygy goraýyş ulgamynyň zähmet toparlarynyň geçmegi bilen dowam edýär. Şu pursatda münberiň öňündäki meýdançada saglygy goraýyş işgärleriniň ýörite lybasy bolan ak ektaýly işgärlerden dolýar. Bu ak görnüşli meýdançanyň asmanynda hem ak gary ýada salýan ak howa şarlary peýda bolýar, baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag görünýär, onuň üstünde goýlan ýörite ýazgylarda soňky ýyllarda halkara ülňüleriniň derejesine ynamly çykan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten sepgitleri aýdyň görkezilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten sepgitlerini täze, iň döwrebap merkezleriniň mysalynda görkezmek bolar. Olaryň gurluşygyna we enjamlaşdyrylmagyna döwlet tarapyndan örän köp serişde goýberilýär. 



Diňe şu ýylyň dowamynda “Daşoguz” şypahanasy, Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri, derman senagatynyň häzirki zaman kärhanalary, dikeldiş merkezleri bolan okuw-terbiýeçilik toplumlary ulanmaga berildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana ulanmaga berildi. Yzygiderli durmuşa geçirilýän bu çäreler milli Liderimiziň saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan syýasatynyň esasy ýörelgesi bolan “Il saglygy – ýurt baýlygy” şygarynyň iş ýüzündäki beýanydyr. 



Baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagda lukmançylyk pudagynyň nyşany şekillendirilýär we ýurdumyzyň kartasynda iri lukmançylyk merkezlerini görkezýän panno goýlupdyr, awtoulagyň ýany bilen lukmanlaryň, alym-lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we bu möhüm ulgamyň beýleki işgärleriniň hatarlary geçýär, olar ykbalyny adamlaryň saglygyny goramak ýaly asylly iş bilen bagladylar. 



Soňra döwlet münberiniň öňünden döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini yzygiderli belleýän bilim ulgamynyň wekilleriniň toparlary geçýärler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hut şu ulgamda düýpli özgertmeler syýasatyna girişmek bilen ýurdumyzy ähli tarapdan ösdürmek üçin giň gerimli özgertmelere badalga berdi hem-de bu ulgamy beýik maksatnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin binýat, ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmek üçin ygtybarly esas hökmünde görkezdi. 



Her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilimleri ele almak we boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredilen täze bilim merkezleri açylýar. Şu okuw ýylynyň öňüsyrasynda hem täze orta mekdepleriň 59-sy, çagalar baglarynyň 20-si ulanmaga berildi, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti açyldy. Ýene bir ýokary okuw mekdebiniň – Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygyna başlanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda 2 müň 900-den gowrak häzirki zaman okuw-terbiýeçilik edaralary hereket edýär. Olaryň 1 muň 808-si orta mekdepler, 972-si çagalar baglary, 64-si başlangyç we 40-sy orta hünärment mekdepleridir. Ýokary okuw mekdeplerinde her ýyl täze hünärler boýunça bölümler açylýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin ýokary hilli bilim almaga, geljekki hünäri saýlamaga, ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmäge ähli şertler döredilendir. Ýaşlara ylma çekmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi açyldy, şeýle hem Inžener-tehnologiýa uniwersitetini döretmek göz öňünde tutulýar. 



Ylym we bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler baýramçylyk ýörişine gatnaşýan awtoulaglaryň çeper bezeglerinde şekillendirilen suratlarda beýanyny tapýar. Ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, talyp ýaşlar milli Liderimizi mübärekleýärler we özleri üçin döredilen mümkinçiliklere çuňňur hoşallyklaryny beýan edýärler. 



Ýurdumyzyň baş meýdançasyna çagalar çykýar. Iň gowy çagalar döredijilik toparlary – ýaş zehinler hem-de Türkmenistanyň saz we tans sungatynyň geljegi bolan ýaş artistler baýramçylyk dabarasyna ýakymly öwüşgin çaýdylar. Olar bagtyýar çagalyk we mähriban Watanymyz, dostluk we hasyl bolan arzuwlar baradaky aýdymlary uly şatlyk bilen aýdýarlar. 



Biz olara-- ata-babalarymyzyň parasatly däp-dessurlaryny we wesýetlerini dowam etdirijilere Watanymyzyň we halkymyzyň geljekki ykbalyny ynanýarys. Şonuň üçin hem döwletimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň iň häzirki zaman bilimleri ele almagy, ähli ulgamlarda üstünlik gazanmagy, erkin we bagtly ýaşamagy, döredijilikli we belent ruhly zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär we geljekde hem döreder. 



Dabaraly ýörişiň bu bölegi has öwüşginli we köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Baýramçylyk meýdançasy boýunça dürli görnüşde bezelen awtoulaglar geçýär, olarda çapyp barýan bedewler, ylym dünýäsiniň çyzgylary, sport we olimpiýa hereketiniň ýeten derejeleri şekillerde we sanlarda görkezilýär, şeýle hem kiçijik gämi we otly, uçar we hatda älem gämisi hem geçýär, onuň kiçijik penjiresinden ýaş kosmonawt görünýär. 



Bu sahna görnüşine çagalar bilen bir hatarda ulular hem gatnaşýarlar, olar türkmen döwletinde çagalaryň üns alada bilen gurşalandygyny nygtaýarlar. 



Dabaraly ýörişiň ahyrynda baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň döredijilik ugrunyň köpsanly wekilleri—sungat we medeniýet ulgamynyň işgärleri peýda bolýar. Häzirki wagtda döredijilik intelligensiýasy milli we dünýä medeniýetiniň gazananlaryny halk köpçüligine ýetirijiler bolmak bilen, jemgyýetimiziň estetiki ýörelgelerini kemala getirmäge ýardam bermelidirler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýeti we sungaty, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmäge, döredijilik üçin aňrybaş şertleri döretmäge, neşirýat pudagynyň, telewideniýäniň we radiogepleşikleriň, teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn uly üns berýär. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygynyň öňüsyrasynda Balkan, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda iň ýokary bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilen obserwatoriýaly welaýat kitaphanalarynyň binalarynyň ulanmaga berilmegi hem aýdyň subutnamadyr. Mundan başga-da, Aşgabatda täze Metbugat merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Ol çaphana işi boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk geler. 



Milli Liderimiziň Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň halkara abraýy diňe bir ýurdumyzyň dünýä derejesindäki syýasy ornuna we ykdysady üstünliklerine esaslanman, eýsem, örän baý medeni kuwwatyna hem daýanýar. Biziň halkymyzyň baý ruhy dünýäsini we medeni mirasyny açyp görkezýän halkara derejesinde guralýan medeni çäreleriň hem gerimi giňeýär. Şu ýyl ýurdumyzda we dünýäniň köp ýurtlarynda türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry, meşhur akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilýär. Daşar ýurtlarda Türkmenistanyň we ýurdumyzda daşary döwletleriň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen halkara derejesinde Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligini geçirmek ýaly ajaýyp däp ýola goýuldy. 2013-nji ýylda Hazaryň kenar ýakasyndaky Awazada bu iri möçberli çärä badalga berildi we şu ýylyň tomsunda Medeniýet hepdeligi Daşoguzda geçirildi, indiki ýyl bolsa Lebapda guralar. 



Baýramçylyk bezegli we sahna görnüşi guralan awtoulag minberiň öňündäki meýdançada saklanýar. Onuň bezeginde türkmen filmlerinden parçalar peýdalanylypdyr we milli medeniýetiň nyşany hökmünde dutar şekillendirilipdir. 



Baýramçylyk çykyşlaryny ýurdumyzyň belli tans toparlary we türkmen estradasynyň aýdymçylary dowam edýär. Ildeşlerimiziň ählisiniň kalplary buýsanç we agzybirlik, Watanymyzyň nurana geljegine berk ynam duýgulary bilen dolýar. 



Ýurdumyzyň baş meýdançasynda ýaýbaňlanan baýramçylyk dabaralary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Watanymyza hem-de Garaşsyzlyga bagyşlanan aýdym bilen jemleýär. 



Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyzda badalga berlen baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam edýär. 

 

* * *

 

Türkmenistanlylar bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan uly baýramçylyk dabaralary mynasybetli şatlygyny paýlaşmak üçin daşary ýurtlardan köpsanly hormatly myhmanlar paýtagtymyza geldiler. Olaryň hatarynda däp bolan hyzmatdaşlarymyz, döwlet işgärleri we işewürler bar. Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini, Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçini, Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministri Waleriý Dili, “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini, Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň hormatly konsuly Kun Minneni, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. 



Şu gün mukaddes Garaşsyzlygyň 23 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. 



Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň “Cotam Interpraýzis LTD” kompaniýanyň wise-prezidenti hanym Seda Gengorýu, “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja, “Engin group” konsorsiumynyň ýolbaşçysy Engin Kale, “Interbudmontaž” gurulşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk we “Altkom” “Maliýe-senagat topary” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen gysgaça söhbetdeşlikleri boldy. 



Daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini we tutuş türkmen halkyny beýik baýram – mukaddes Garaşsyzlygyň 23 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de şu gezek geçirilýän şanly dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we bu giň gerimli çäreleriň özlerinde galdyran täsirleri barada gürrüň berdiler. Özleriniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalary üçin Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagyň uly mertebedigini bellemek bilen, myhmanlar Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň halkynyň parahat durmuşy, bagtyýarlygy hem-de abadançylygy baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. 



Türkmenistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýan ähli hormatly myhmanlara bilelikde alnyp barylýan işlerde täze üstünlikler arzuw etdi, şeýle hem iri taslamalaryň birnäçesi ynanylan kompaniýalaryň öz öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi. 

 

* * *

 

Şu gün “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan konsert boldy, oňa tomaşa etmäge paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. 



Bu aýdym-sazly tomaşa Garaşsyzlygyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly senasyna öwrüldi. Belli sahna ussatlary, ýaş aýdymçylar, tans we folklor toparlarynyň artistleri çykyşlarynda ajaýyp döwrümizi, türkmen topragynyň bagtyýarlyk döwrüni wasp etdiler. Aýdym-sazly çykyşlarda halkymyzyň abadançylygy we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, parahat durmuşda ýaşamagy arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda döretmäge we zähmet çekmäge döredilen mümkinçilikler üçin milli Liderimize çäksiz hoşlalyk beýan edilýär. 



Tomaşaçylar halk we estrada aýlymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetiren döredijilik toparlaryna hoşallyk hökmünde agzybir el çarpdylar, bu döredijilik toparlary häzirki wagtda milli sungatymyzyň özboluşly ýörelgelerini mynasyp dowam edýärler. 



20.45. Garaňkynyň gatlyşmagy bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň syn ediş meýdançasynyň gijeki asmanynda baýramçylyk feýerwerkiniň dürli öwüşginli uçgunlary asmana galýar. Ýalpyldaýan feýerwerkler biri-biriniň yzy bilen belent asmanda ajaýyp güller görnüşinde açylyp, Garaşsyzlyk güni mynasybetli türkmenistanlylara sowgat hökmünde milli güýz güllerinden boglan çemen mysaly şöhlesini saçýar. 



Ýene-de baýramçylyk gutlaglary we şygarlar dabaraly ýaňlanýar: 



Mukaddes Garaşsyzlyga şöhrat! 



Arkadaga şöhrat! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne şöhrat! 



Ýaşasyn mähriban Watanymyz – Türkmenistan!

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

 

 

Esasy