21.10.2014 Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulular maslahatynyň çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Ýaşulularyň maslahatynda öňde goýlan wezipeleri çalt çözmek, şu forumda kabul edilen möhüm döwlet çözgütlerini ýerine ýetirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

 

Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatynda kesgitlenen ýakyn geljek üçin meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň aýry-aýry ugurlary baradaky gürrüňe geçmezden öň, bu meýilnamalar, olarda kesgitlenen maksatlar Hökümetiň, ähli pudaklaryň ýolbaşçylarynyň işine kuwwatly itergi berýär diýip belledi. Bu wezipeleri gaýra goýman çözmäge girişmek, yzygiderli çäreleriň anyk maksatnamasyny düzmek we häzirden işe başlamak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda beýan edilen gaýragoýulmasyz wezipeler barada has jikme-jik durup geçip, hökümet agzalaryna her bir ulgamda bellenen sepgitlere ýetmek boýunça anyk maslahatlary berdi. 

 

Hususan-da, gurluşyk ulgamyndaky, sebitleriň durmuş we senagat düzümini sazlaşykly ösdürmek babatyndaky, ýangyç-energetika toplumyndaky, şol sanda gaz we nebithimiýa pudagyndaky, senagat hem-de ulag-üstaşyr ulgamdaky işleriň ýagdaýyna we geljekde ýerine ýetirilmeli işlere garaldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. 

 

Milli Liderimiz şeýle hem ýakyn wagtda milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen baglylykda telekommunikasiýa serişdelerini ösdürmek meselesine degip geçdi. Döwlet Baştutanymyz, ilkinji nobatda, düýbünden täze önümçilikleri we ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmekde ýurdumyzyň telekeçileriniň kuwwatyndan giňden peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady. 

 

Ýurdumyzyň ösüşinde ykdysady görkezijiler ýaly, medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetiň ruhy ulgamyny baýlaşdyrmak hem uly ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we bu ugurda, şol sanda türkmen halkynyň maddy we maddy däl mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de halkara möçberinde wagyz etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri kesgitledi. 

 

Döwlet Baştutanymyz milli bilim ulgamyny we ýurdumyzdaky ylmy dünýä derejesine ýetirmegiň ösüşimizde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi hem-de ýurduň innowasion mümkinçiliklerine degişli işgärleri taýýarlamagyň binýady hökmünde Ylymlar akademiýasynyň garamagynda inženerçilik-tehnologik uniwersiteti döretmek baradaky meseläni orta atdy. 

 

Şeýle hem milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny giň gerimli işleriň amala aşyrylmaly pudaklarynyň hatarynda görkezip, şu ulgamlara gözegçilik edýän ýolbaşçylara ilkinji nobatdaky meseleleriň birnäçesine içgin üns bermegi tabşyrdy. 

 

Oba hojalygynda, onuň gaýtadan işleýän pudaklarynda, şeýle hem suw üpjünçiligi we meliorasiýa, daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy bilen baglylykda-da meseleleriň uly toplumyna garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly we rejeli ulanmagyň usullaryny kämilleşdirmek, şu ugra degişli täze maksatnamany işläp düzmek boýunça gymmatly maslahatlaryny aýtdy. 

 

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýagdaýda ýokarlandyrmagyň türkmen döwletiniň syýasatynda möhüm ugur bolup durýandygyny hem-de dünýäniň hiç bir döwletinde ýurdumyzdaky ýaly ýeňillikleriň döredilmeýändigini we durmuşda şeýle goldaw berilmeýändigini aýratyn belläp, bu ýagdaýy bazar ykdysadyýetiniň häzirki şertlerine laýyk getirmegiň, ilatyň sarp edýän hzarytlaryny öndürýän we dürli hyzmatlary berjaý edýän kärhanalaryň işiniň netijeli we düşewüntli bolmagynyň üpjün edilmelidigini aýtdy. 

 

Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasata degişli strategiýasyny mundan beýläk-de amala aşyrmak, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, döwletimiziň ählumumy derejedäki meseleleri çözmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň täze binýatlaryny we netijeli usullaryny döretmek boýunça başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly meselelere garaldy. 

 

Şu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi aýratyn ähmiýete eýedir. Ol diňe bir beýleki ýurtlar bilen hemmetaraplaýyn oňyn gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, içerki durmuş-ykdysady ösüşi üçin hem ajaýyp mümkinçilikleri döredýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl şanly senäni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenip geçiljekdigini aýdyp, Ýaşulularyň maslahatynda 2015-nji ýyly Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararyň kabul edilendigini belledi we bu senäniň çäklerinde dürli çäreleri hem-de dabaralary geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen berkidildi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky demokratik ýagdaýlary çuňlaşdyrmak boýunça indiki ädimleriň işlenip taýýarlanylmagy barada durup geçip, Türkmenstanyň köp partiýalylyk ulgamynyň ösdürilmelidigini we konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynyň amala aşyrylmagynyň möhümdigini aýratyn belledi. Welaýatlary çalt depgin bilen ösdürmek, ilatly ýerleri giňeltmek we täze çäkleri döretmek bilen baglylykda, ýurduň dolandyryş - çäk bölünişigine gaýtadan garalmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

 

Sebitleriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi olary dolandyrmagyň täze şertlerini we talaplaryny kemala getirýär, strategiki meýilnamalaşdyrylyş ulgamynda uly wezipeleri öňe sürýär, olaryň serişdeler we senagat kuwwatyny toplumlaýyn hem-de netijeli ulanmak babatda täze wezipeleri kesgitleýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerleri ýurdumyzyň welaýatlaryna jogapkär edip bellemek ulgamyna üýtgetmeleri girizdi. 

 

Mysal üçin, Mary welaýatynyň ykdysady ösüşinde möhüm ugur-energetika ugry anyk kesgitlenildi. Bu sebit tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir, ilkinji nobatda, bu ägirt uly “Galkynyş” gaz käni bilen baglanyşyklydyr. Welaýatyň çäginden Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi, Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasy (D) çekiler. Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmek babatda hem ol uly ähmiýete eýedir. Şuny nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowy Mary welaýaty boýunça jogapkär edip belledi. 

 

Häzirki wagtda Balkan welaýaty halkara möçberindäki iri logistiki merkeze öwrülýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu babatda XXI asyryň ägirt uly taslamasy – Balkan sebitiniň tutuş çäginiň üstünden geçýän Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýol geçelgesi uly ähmiýete eýe bolmalydyr. Bu ulag ýoly yklymyň özboluşly geoykdysady ýagdaýyny döretmekde badalga nokady bolmalydyr. Şeýle hem Hazaryň türkmen kenaryny gatnawlaryň multimodal ulgamly esasy ulag merkezine öwürýän täze halkara deňiz portunyň, Türkmenbaşydaky howa menziliniň, esasy awtoulag ýollarynyň gurluşygyny bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowy Balkan welaýaty boýunça jogapkär edip belledi. 

 

Milli Liderimiz Lebap welaýaty barada aýtmak bilen, bu sebitiň öňünde obasenagat toplumyny ösdürmek babatda uly mümkinçilikleriniň açylýandygyny, oba hojalyk kuwwatyny netijeli ulanmak boýunça uly wezipeleriň durýandygyny belledi. Bu ýerden Amyderýanyň akyp geçýändigini, sebitiň çäginden Garagum derýasynyň, “Altyn asyr” Türkmen kölüne barýan zeýkeşleriň geçýändigini nazara almak bilen, bu welaýatyň ýurdumyzyň suw üpjünçiligi meselelerini çözmekde uly goşandy bardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy Lebap welaýaty boýunça jogapkär edip belledi. 

 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň her biriniň ösüşine jogap berýänlere welaýatlara degişli ilkinji nobatdaky meseleler, şeýle hem ýerlerde Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ykdysady we durmuş syýasatyny amala aşyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

 

Şeýle hem milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen çözgütleri berjaý etmek maksady bilen, hökümetiň agzalaryna gözegçilik edýän pudaklarynda degişli işleri guramagy hem-de bellenilen çäreleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

 

Iş maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine maksadaokgunly işde üstünlikleri arzuw etdi.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

 

 

Esasy