26.08.2014 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owadandepede guruljak tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

 

Bu waka Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny ütsnülikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini giňden ulanmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Gazhimiýa pudagyny ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Umuman, bularyň ählisi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

 

...Dabaranyň geçirilýän ýeri baýramçylyk ruhunda bezelipdir. Bu ýere täze eýýamyň ýylýazgysyna ýene-de bir röwşen sahypa bolup ýazyljak ajaýyp wakanyň şaýady bolýan adamlaryň müňlerçesi ýygnandy. Hemme ýerde döwlet baýdaklary parlaýar. Bu ýerde täze gurluşyk barada aýdyň düşünje berýän diwarlyklar we çyzgylar oturdylypdyp. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy gurluşyk meýdançasynyň öňünde saklanýar. Owadan milli lybasdaky gyzlar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. 

 

Hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy, Ahal welaýatynyň häkimi garşyladylar. 

 

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyza duz-çörek hödürlediler we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. 

 

 

 

Ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde döwlet Baştutanymyz olaryň durmuşy, iş- aladalary, hal-ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda obany mundan beýläk-de özgertmek, halk hojalygynyň möhüm pudagyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmak maksady bilen ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak barada aýratyn gürrüň edildi. Ýaşulular hormatly Prezidentimize halkymyzyň bagtyýarlygy, eşreti, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik toparlarynyň çykyş edýän ýerine tarap ugrady: aýdym-sazlar, joşgunly tanslar dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Haly düşelen ýodanyň iki tarapynda milli Liderimizi elleri baýdakly, gülli we şarly ýaşlar, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň işgärleri, gurluşykçylar gutlaýarlar. 

 

Döwletiniň Baştutanymyz ýörite bina barýar. Ol ýerde hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekililhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolan dabara gatnaşyjylar we myhmanlar ýygnandylar. Olar ör turup, milli Liderimizi dowamly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu günki wakanyň möhüm ähmiýetini nygtady. Häzirki döwürde berkarar döwletimizde täze kärhanalar yzygiderli gurulýar, giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýändigini aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

 

Mälim bolşy ýaly, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Garaşsyz Watanymyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzir dünýäde tebigy gaza we ondan alynýan önümlere bolan isleg barha artýar. Şoňa görä-de, bu ugurda möhüm ähmiýetli durmuş-ykdysady maksatnamalar we halkara taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça giň gerimli işleri alnyp barylýar. 

 

“Biz Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmegi maksat edinýäris. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa nebitgaz senagatynyň täze ugry bolan gazhimiýa pudagyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işlemek birnäçe ugurlar boýunça alnyp barylýar. Birinji ugur tebigy gazyň düzümindäki propan, etan we beýleki maddalary gaýtadan işlemek arkaly polietilen we polipropilen öndürmek bilen baglydyr. 

 

Ikinji ugur bolsa, gazyň düzümindäki metany gaýtadan işläp, benzin we dizel ýangyjyny öndürmekden ybaratdyr. Bulardan başga-da, tebigy gazdan awtoulaglar üçin zerur bolan çalgy ýaglary, nebiti we gazy arassalaýjy serişdeler, dokma senagatynda ulanylýan sintetiki süýümler hem alynýar. 

 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda geçirýän işler dünýä belli kompaniýalar bilen bilelikde amala aşyrylýar. 

 

“Biz dost-doganlyk syýasatyny alyp barmak bilen, tebigy baýlyklarymyzy diňe bir öz halkymyzyň däl, eýsem bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, geçen ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň dowamynda bu pudagy ösdürmek boýunça ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekilendigini belledi. 

 

Bu ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen, Garaşsyz döwletimizde ençeme häzirki zaman iri kärhanalary gurlup, ulanmaga berler. Bu kärhanalaryň hatarynda Gyýanly şäherçesinde gurulýan, ýylda 386 müň tonna polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndürjek gazhimiýa toplumy bar. 

 

Şunuň bilen birlikde, Mary şäherinde kuwwaty 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürmäge mümkinçilik berýän zawod hem gurulýar. Türkmenabat şäherinde 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ukyply häzirki zaman kärhanasynyň gurluşygy hem alnyp barylýar. 

 

Garabogaz şäherinde kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawod gurulýar. Bu ýerde 40 müň tonna sintetiki ýuwujy serişdeleri we senagatda giňden ulanylýan natriý sulfatynyň 60 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenen kärhanalary hem gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Esenguly etrabynda tebigy gazdan sintetiki nebit öndürýän kärhanany, Seýdi şäherinde kuwwaty 150 müň tonna polietilen öndürmäge niýetlenen zawody gurmak meýilleşdirilýär. 

 

Şu gün düýbi tutulýan zawod barada aýdylanda bolsa, ony «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Kawasaki» hem-de Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalarynyň döreden konsorsiumy gurar. Bu zawod Daniýanyň öňdebaryjy «Haldor Topse» kompaniýasynyň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün ediler. Täze zawod her ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlär. Ekologiýa taýdan iň ýokary talaplara laýyk gelýän Euro-5 standarty boýunça A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürer. Kärhananyň umumy bahasy 1 milliard 700 million amerikan dollaryna barabar bolar. Ýokary hilli benzin öndürjek bu zawod ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna gurlar. 

 

Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn belleýşi ýaly, bu döwrebap kärhana tebigy gazy gaýtadan işlemek esasynda ýokary hilli benzin öndürjek dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy bolar. Zawod 2018-nji ýylda ulanmaga berler. Kärhananyň gurluşygy alnyp barylýarka zawodyň işini dolandyrjak ýerli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berler. Täze zawodda 800-e golaý hünärmen işlär. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, ýygnananlaryň ählisini bu şanly waka -- Ahal welaýatynda iň kämil tehnologiýalar esasynda ekologiýa taýdan arassa benzin öndürjek täze zawodyň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygy esasynda guruljak, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalyna öwrüljek bu täze kärhananyň bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurlup, ulanmaga beriljekdigine ynam bildirip, türkmen, türk we ýapon hünärmenlerine bu taslamany amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy dabara gatnaşyjylarda ruhubelentlik döretdi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

 

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň “Haldor Topse” kompaniýasynyň prezidenti Býorn Klausene söz berdi. Ol Türkmenistanyň innowasion ösüşi, öz ýurdunyň raýatlarynyň bähbidine tebigy baýlyklary netijeli ulanmagyň aýdyň nusgasyny bütin dünýä görkezmek mümkinçiligi nukdaýnazaryndan şu günki wakanyň möhüm ähmiýetini nygtady. 

 

Geljegi uly taslama gatnaşmak “Haldor Topse” kompaniýasy üçin uly hormat-sarpadyr. Bu taslama täze öňdebaryjy senagat tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda ýöriteleşdirilen kompaniýa üçin hem uly ähmiýete eýedir diýip, jenap Býorn Klausen nygtady. Bularyň ählisi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär diýip, myhman aýtdy. Işewür bildiren ynamy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, “Haldor Topse” kompaniýasynyň hem-de Türkmenistanyň beýleki daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek we öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy. 

 

Öz nobatynda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdüriýetiniň başlygy jenap Erman Ylyjak şeýle iri taslamany diňe berk, uzakmöhletleýin we özara bähbitli halkara gatnaşyklaryna daýanýan, ykdysady taýdan ösen we kuwwatly döwletiň durmuşa geçirip biljekdigini nygtady. Bu zawodyň gurulmagy we ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar. 

 

Çuňňur hormatlanylýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde Türkmenistan häzir dünýäniň nebitgaz çykarýan esasy ýurtlarynyň biri bolup durýar diýip, jenap Erman Ylyjak aýtdy. Şunda energiýa serişdeleriniň eksporty bilen birlikde, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebitgaz önümlerini çykarmaga gönükdirilen innowasion önümçilikleri döretmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Baý ýangyç serişdelerine eýe bolmagy we “açyk gapylar” syýasatyna ygrarlylygy,şeýle hem ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýedir. 

 

Pursatdan peýdalanyp, türkiýeli işewür türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurtda ýaýbaňlandyrylan oňyn durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň barşynda Türkmenistanyň gazanýan ykdysady ösüşine haýran galýandygyny aýtdy. 

 

Ine, indi bäş ýyldan bäri “Rönesans” kompaniýasy geljegi uly türkmen bazarynda netijeli işläp, raýat we senagat desgalaryny gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşýar. Häzirki wagtda Mary şäherindäki ammiak zawodynyň gurluşygy tamamlanyp barýar, bu desgany ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. 

 

Şunuň bilen baglylykda, jenap Erman Ylyjak Türkmenistanyň okgunly ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge goşant goşmaga kompaniýa döredilen mümkinçilik hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

 

“Rönesans Holding” we “Kawasaki Heawy Industries LTD.” kompaniýalarynyň konsorsiumy senagat desgalaryny gurmakda uly tejribä eýe bolmak bilen, tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygynyň taslamasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli tagallalary eder diýip, işewür aýtdy we ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde bu kärhananyň iň innowasion önümçilikleriň birine öwrüljekdigini nygtady. 

 

Soňra “Kawasaki Heawy Industries LTD.” kompaniýasynyň senagat we düzümleýin taslamalar boýunça prezidenti jenap Eiji Inoueni çykyş etdi. 

 

Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýe bolan bu taslama gatnaşmak biziň üçin uly hormatdyr diýip, ýaponiýaly işewür belledi we “Kawasaki Heawy Industries LTD.” kompaniýasynyň iri senagat desgalaryny gurmak babatda toplan ägirt uly inžener-konstruktorçylyk tejribesini ýurdumyza hödürlemäge taýýardygyny tassyklady. 

 

Myhman “Kawasaki” we ”Rönesans” kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan Owadandepede guruljak tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň dünýäde iň kämil we häzirki zaman kärhanalaryň biri boljakdygyny nygtap, kompaniýalaryň ikisiniň hem bilelikde işlemek babatda Mary şäherinde karbamid dökünlerini öndürýän zawody gurmakda baý tejribe toplandygyny belledi. 

 

Çykyşyny dowam edip, jenap Eiji Inoue Türkmenistanda tebigy gazdan ýangyç öndürmek boýunça ikinji we üçünji zawodlary gurmagyň meýilleşdirilýändigini belledi. Munuň özi hem ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine we rowaçlanmagyna ýardam eder. 

 

“Kawasaki”, “Rönesans” we “Haldor Topse” kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, jenap Eiji Inoue türkmen talyplarynyň bir toparyny Ýaponiýada we Türkiýäde okatmak, şeýle hem talyplary alyşmak baradaky maksatnamany işjeňleşdirmek teklibini beýan etdi. 

 

Soňra “Sojitz Сorporation” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, Enjamlar boýunça bölüminiň uly wise-prezidenti jenap Toşiharu Ýoşimura söz berildi. Myhman tebigy gazdan benzin öndürmek baradaky zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda gurlan bu desganyň dünýädäki şeýle kärhanalaryň iň ulularynyň birine öwrüljekdigini nygtady. 

 

Işewür taslamanyň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip, Ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleriniň, şeýle hem hyzmatdaşlaryň -- Ýaponiýada esasy potratçy kompaniýalaryň biri bolan “Kawasaki-niň”, Türkmenistanda özüni iň gowy tararapdan görkezen “Rönesansyň” we ygtybarly tehnologiýalary hödürleýän “Haldor Topseniň” sazlaşykly işiniň munuň kepili boljakdygyny belledi. 

 

Jenap Toşihara Ýoşimura özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem-de geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. 

 

Milli Liderimiz kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna manyly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürjekdigine ynam bildirdi. 

 

Soňra “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Kawasaki Heawy Industries LTD.” (Ýaponiýa) we “Rönesans Holding” (Türkiýe) kompaniýalarynyň arasynda Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly benzin öndürýän zawody gurmak hakyndaky şertnama gol çekmek dabarasy boldy. 

 

Bu ýere milli lybasdaky mekdep okuwçylary gelýärler. Olar milli Liderimize jan saglyk we halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraplaýyn işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Çagalaryň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz şu günki ajaýyp waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy ýazylan hata gol çekýär we ony ýörite guta salýar. 

 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň düýbüniň tutuljak ýerine barýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär. Bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz geljekki nesillere niýetlenen ýazgy ýerleşdirilen gutyny täze senagat toplumynyň binýadyna goýýar. 

 

Gurluşyk meýdançasynyň töweregini gurşap alan diwarlyklar bu iri önümçilik desgasynyň geljekki görnüşini aýdyň görkezýär. Olar geljekki önümçlik kärhanasyny dolulygyna göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Diwarlyklardan täze zawodyň gurluşygynyň iş günleriniň yhlasyny, täze üstünlikleriň şatlygyny, belent maksatlary nazarlaýan işleriň depginini görmek bolýar. Uly we möhüm işleriň başlanmagy bilen, oňyn tejribeler hem-de netijeli ýörelgeler häzirki döwrüň depginini we geljegiň ugurlaryny özünde jemleýär. Şunuň ýaly depginde, pursatlar aşýar we ýurdumyzyň täze taryhy, şöhratly durmuşy emele gelýär, onuň bagtly yklaby rowaçlanýar. 

 

Asylly däbe görä, milli Liderimiz täze senagat desgasynyň binýadyna beton garyndysyny atyp, gurluşyga badalga berýär. Munuň özi dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly joşgun we şatlyk bilen garşylanýar. 

 

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan “açyk gapylar” we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleri, senagat ulgamyny ösdürmek boýunça iri maksatnamalar, amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurtly işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, köp ugurlarda, ilkinji nobatda, ylmy we ýokary tehnologiýa pudaklaryna dünýä tejribelerini çekmek üçin ynamly şertleri döredýär. 

 

Türkmen bazarynda özüni gowy tarapdan görkezen, dünýä işewürliginiň belli wekilleri bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslama munuň aýdyň subutnamasydyr. Baryp, XIX asyrda esaslandyrylan Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan “Kawasaki Heawy Industries LTD.” häzirki wagtda dünýäniň iri senagat korporasiýalarynyň hataryna girýär. “Kawasaki” giň ugurlar boýunça, şol sanda gämi gurluşygynda, aerokosmiki senagatda, gazturbina we beýleki energetika enjamlarynyň, ýokary tizlikli otlularyň, motosiklleriň, senagat robotlarynyň önümçiligi, şeýle hem nebitgaz, himiýa we energetika senagaty kärhanalarynyň, köprüleriň we ýerasty geçelgeleriň gurluşygy boýunça ýöriteleşendir Düzüminde 100-e golaý fabrikleri, zawodlary, kompaniýalary, önümçilik binýatlaryny, distribýutor merkezlerini, söwda we mahabat boýunça bölümleri bolan 50-den gowrak holdingi özünde jemleýän korporasiýa ýerine ýetirilýän taslamalaryň ýokary hil derejesini kepillendirýär. 

 

Öz gezeginde, “Rönesans Holding” türk kompaniýasy 1993-nji ýylda döredildi. Güýçli depginde ösüp, bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde uly bolmadyk bu firma iri kompaniýa öwrüldi. Onuň işi ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynda taslama düzmek we dürli ähmiýetli desgalary gurmak bilen baglanyşyklydyr. Häzirki günde “Rönesans Holding” dünýäniň 16 ýurdunda 500-den gowrak taslamalary üstünlik bilen durmuşa geçirdi. 2006-njy ýyldan bäri kompaniýa “Engineering News Recold (ENR) halkara agentliginiň seljermesi boýunça iň iri 225 halkara gurluşyk potratçylarynyň sanawyna girýär. 

 

Şu taslama gatnaşyjylaryň biriniň--Ýaponiýanyň “Sojitz Сorporation” kompaniýasynyň dürli ýurtlarda 60-dan gowrak edarasy bardyr. Kompaniýa, esasan hem, maşyn gurluşygy, telekommunikasiýalar, awiagurluşyk, nebitgaz çykaryş, nebithimiýa, himiýa ulgamlarynda, dokma senagatynda, şeýle hem uly isleg bildirilýän harytlary öndürmek babatda taslamalary işläp taýýarlamak we maliýeleşdirmek bilen meşgullanýar. 

 

Daniýanyň “Haldor Topsoe” barlag, inžiniring we konsalting kompaniýasy hem bütin dünýäde meşhurdyr. Onuň işi himiýa we nebithimiýa senagatynda, nebiti we gazy gaýtadan işlemekde ulanylýan katalizatorlary işläp taýýarlamak we senagat taýdan öndürmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak bilen baglanyşyklydyr. 

 

“Haldor Topseniň” “nou-hausy” bolup durýan tehnologiýalaryň esasynda Owadandepede guruljak zawodda tebigy gazdan benzin öndüriler. Bu ýerde döwrebap tehnologiki we kömekçi desgalaryň, inžener-tehniki ulgamlaryň tutuş toplumy gurlar. Olaryň esasy aýratynlygy täsin usullar boýunça başlangyç çig maly dürli garyndylardan arassalamakdan ybaratdyr. Şunuň netijesinde ekologiýa taýdan arassa, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän önüm öndürilýär. 

 

Şunuň bilen baglylyklda, Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýändigini nygtamalydyrys. Çünki daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ählisi raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşyklydyr. 

 

Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine hem ekologiýa meselesi bilen aýrylmaz baglanyşykda garalýar. Türkmenistan bug gazlarynyň zyňyndysyny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga geçýär. Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa hem şuňa gönükdirilendir. Onda “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üsin zerur şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 

 

Energetika ulgamynda abraýly halkara bilermenler guramalarynyň çaklamalaryna görä, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde tebigy gazyň ähmiýeti geljekde has-da artar. Degişlilikde, ýurdumyz hem halkara energetika bazarynda has möhüm orny eýelär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň “mawy ýangyjynyň” gorlary 50,34 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar. 

 

Ýurdumyzyň gündogar böleginde açylan “Galkynyş” käni (26,2 trillion kub metr gaz) türkmen topragynyň tebigy gaza örän baýdygyny tassyklady. Garaşsyz halkara auditiniň netijeleri boýunça bu kän dünýäde ikinji orunda durýar diýlip ykrar edildi. Amyderýanyň kenarynda, Merkezi Garagumda, Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenarýaka zolagynda ýerleşýän täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hem geljegi uludyr. 

 

Şundan ugur alnyp, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna eksport etmegiň ugurlaryny giňeltmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Häzirki wagtda bu ugurlar Ýewraziýa yklymynyň dürli böleklerinde ýerleşýän döwletleri öz içine alýar. 

 

Gaz pudagyny okgunly ösdürmek boýunça işler barha giň gerime eýe bolýar, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynyň kuwwaty artdyrylýar, şol sanda täze gazhimiýa önümçiliklerini gurmagyň hasabyna berkidilýär. Türkmenistan tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, ony gaýtadan işlemek arkaly öndürilen önümleriň paýynyň eksportda artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berip, tebigy gaz we çig nebit ýaly başlangyç energiýa serişdeleri bazarynda eýeleýän ornuny ep-esli giňelder, şeýle hem gymmatly gazhimiýa önümleriniň örän girdejili bazarynda möhüm orun eýelär. 

 

Dabara tamamlanandan soň bu günki ajaýyp waka bilen hemmeleri ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

26.08.2014

 

 

 

Esasy