22.08.2014 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine, şeýle hem möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy. 

 

Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

 

Hususan-da, wise-premýer Aşgabat şäherinde we welaýatlarynda çörek hem-de çörek önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalary gurmak we olaryň gurluşygyny ýeňillikli bank karzynyň hasabyna maliýeleşdirmek boýunça gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada habar beridi. “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň maliýe ýagdaýyna geçirilen seljermeleriň netijesi boýunça häzirki döwürde olaryň önümçilik kuwwatlylygynyň doly möçberde ulanylmaýandygy ýüze çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer paýtagtymyzda we ähli sebitlerde kiçi göwrümli kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gurmagy baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

 

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň paýly gurluşyk hakynda birkysmy şertnamany tassyklamak hem-de gurujynyň hususy maýasynyň iň pes möçberini kesgitlemek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususy telekeçiligiň milli ykdysadyýetimizde tutýan ornunyň barha giňelýändigini aýtdy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň giň möçberli ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz türkmen işewür toparlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän gurluşyk işlerini alyp barmakda ýeterlik tejribesiniň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň paýtagtymyzda we welaýatlarda çörek hem-de çörek önümlerini öndürýän kiçi kärhanalary hususy telekeçileriň gurmagy baradaky teklibini makullady. 

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli maksatly desgalary, öňi bilen bolsa ýaşaýyş jaýlaryny bina gurmak üçin paýly gurluşyk şertlerinde däp bolan bäsleşikleri geçirmegiň ugruny giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň ilatymyzy elýeterli şertlerdäki ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegi baş wezipe hasaplaýan döwlet ýaşaýyş jaý syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýetinyň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 16-njy sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde açylýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bütindünýä maslahatynyň gün tertibine syýasy, durmuş-ykdysady, gumanitar, ekologiýa we beýleki möhüm ugurlara degişli meseleler giriziler. 

 

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde teklip ediljek Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bu ugurlar ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň möhüm ýagdaýlaryna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli halkara başlangyçlaryna esaslanmak arkaly DIM tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Bular, hususan-da, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak hem-de pugtalandyrmak, energetika ulgamynda, ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, gumanitar meseleler we adam hukuklary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly bäş möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly teklipleridir. Bu teklipleriň hemmesiniň ählumumy gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebit we ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendigi aýratyn nygtaldy. 

 

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sebitde we tutuş dünýäde oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny we giňeldilmegini ugur edinýär hem-de şu maksatlar esasynda anyk, yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Bu babatda BMG-niň 2007-nji ýylda Aşgabatda açylan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we parahatçylyk forumyny çagyrmagy hem-de ony 2015-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip edýär. 

 

Türkmenistan ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy we ýaragsyzlanmak babatda bilelikdäki tagallalaryň güýçlendirilmegini dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wajyp meseleleriň biri hasaplaýar we BMG-niň bu babatdaky esas goýujy şertnamalaryna, konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Şeýle hem ýurdumyz mundan beýläk-de bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer. Biziň ýurdumyz köpçülikleýin heläkçilige getirýän ýaraglaryň ýaýradylmazlygy babatdaky işleriň halkara-hukuk binýadynyň giňeldilmegine gönükdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmegini zerur hasaplaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň degişli edaralarynyň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegine taýýardygyny mälim etmek bilen, Türkmenistan Aziýada BMG-niň ýaragsyzlanmak boýunça Sebitara merkezini döretmek bilen baglanyşykly meselelere garamagy maksadalaýyk hasaplaýar. 

 

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen mejlislerinde ählumumy energetika howpsuzlygy we ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Olaryň wajypdygyny häzirki döwrüň ýagdaýy tassyklady. BMG-niň degişli Rezolýusiýany kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralynyň döredilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. BMG-niň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän Türkmenistan bu ugur boýunça täze anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegini teklip edýär. 

 

Şunuň bilen birlikde biziň ýurdumyz ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem-de degişli döwrebap düzümiň döredilmegine önjeýli goşant goşýar, munuň özi ählumumy yzygiderli ösüşde möhüm ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Şu ugurda örän uly kuwwata eýe bolup durýan Türkmenistan sebit we sebitara derejeli ulag geçelgelerini döretmek boýunça birnäçe taslamalary öňe sürýär hem-de şu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýar. Ýurdumyz halkara guramalarynyň tejribesine esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň barşynda Merkezi Aziýada nusgalyk awtoulag ýolunyň gurluşygynyň mümkinçiligine garamagy teklip etmegi göz öňünde tutýar hem-de şuňa işjeň gatnaşmaga taýýardyr. 

 

Şeýle hem Bitarap Türkmenistan gumanitar ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna we şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Şunda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maýyplaryň hukuklaryny goramak, bosgunlar we beýlekiler bagly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryna goşulmagy we şu ugurdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler muňa aýdyň mysal bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde şol forumlaryň jemleýji resminamalarynyň esasy kadalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işi amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. 

 

Şeýle hem ekologiýa we daşky gurşawyň goralmagyna degişli meseleler yzygiderli ösüşiň meseleleri bilen içgin baglanyşyklydyr. Ýurdumyz bu möhüm ugurda BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ekologiýanyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ilatyň ýaşaýşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşe degişli taslamalary amala aşyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. 

 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan agzalan sebitlerde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we degişli düzümleriň çemeleşmelerini işläp düzmek bilen bagly meselelerde köptaraplaýyn tagallalaryň güýçlendirilmegi ugrunda çykyş edip, howanyň üýtgemegine degişli meseleleri çözmek boýunça BMG bilen bilelikde Sebitara merkezini döretmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynda BMG-niň agzalary bolup durýan ýurtlara türkmen tarapynyň şu başlangyjyny goldamak baradaky teklip bilen ýüzlenmek göz öňünde tutulýar. 

 

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy hasabatyny jemläp, türkmen diplomatlarynyň geljekde-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Bitarap Türkmenistanyň oňyn syýasatyny we türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňe sürýän döredijilikli halkara başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

 

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen, oňyn halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine, sebit we ählumumy möçberde netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady. Şu maksat bilen döwletimiz işjeň teklipleriň birnäçesini taýýarlady we olary Bitarap Türkmenistan BMG-niň Baş Assamleýasynyň 69-njy mejlisiniň garamagyna hödürlär. 

 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň ileri tutýan gararýyşlaryny we halkara başlangyçlarynyň many-mazmunyny dünýä jemgyýetçiligine duşundirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Bu başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň uly geljeginiň, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleriniň, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamagyň ýollarynyň, ählumumy durnukly ösüş üçin zerur şertleriň bardygyny äşgär edýär. 

 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işi barada habar berdi. Döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlarda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hukuk özgertmelerini amala aşyrmak bilen baglylykda, deputatlar tarapyndan kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça maksada okgunly işleriň geçirilýändigi bellenildi. 

 

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrlyşynyň nobatdaky dördünji maslahatynyň netijeleri barada aýdyldy, şonda “Halkara täjirçilik arbitražy hakynda”, “Daşary ykdysady iş hakynda”, “Elektrik energetikasy hakynda”, “Iýmit önümleriniň hiliniň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hakynda”, “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen Türkmenistanyň hormatly adyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary, Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky birnäçe kanunçylyk namalary we ýurdumyzyň Mejlisiniň kararlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Ýaşulularyň maslahatyny geçirmegiň meýilnamasynyň deslapky taslamasynyň taýýarlanylyşynyň barşy barada hem aýtdy. Hususan-da, häzirki wagtda bu maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary diňläp, bellenilen meýilnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş gazanmagynda, türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna degişli mesele barada durup geçip, onuň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetlidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman taýýarlyk işleriniň barşyna kanagatlanma bildirip, onuň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegi babatda degişli düzümler bilen birlikde zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýtdy. 

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew 420 orunlyk saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumyny ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu binany 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

 

Bu edaranyň gurluşygy döwlet Baştutanymyzyň ýörite Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Çeper gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze toplumda mümkinçilikleri çäkli çagalary okatmak we olaryň saglygyny dikeltmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Şunuň ýaly merkezler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem bina edilýär. 

 

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde türkmen paýtagtynda ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän uly ähmiýetli desgalar barada habar berildi. 

 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň bilim we terbiýe almagy üçin ähli zerur şertleri döretmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen dikeldiş merkezli bilim edaralarynyň gurluşygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak bilen, wise-premýere bu desgalaryň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

 

Paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalaryň hödürlenen taslamalary barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz binalar gurlanda olaryň ýokary hiliniň we halkara ölçeglerine kybap gelmeginiň hem-de potratçylary seçip almaga jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigrini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda badalga alan güýzlük bugdaýyň ekişi barha ýokary depgine eýe bolýar we bu möhüm oba hojalyk çäresi agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, gowaçalaryň hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ujuny çyrpmak işleri alnyp barylýar. 

 

Ýetip gelýän pagta ýygymy möwsümine harmanhanalaryň 156-sy hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň 36-sy taýýar edildi, awtoulaglaryň 2786-sy, traktorlaryň 2036-sy we traktor tirkegleriniň 3293-sy taýýar edildi. 

 

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde häzirki wagtda suwaryş akabalaryny arassalamak, täze suw howdanlaryny gurmak we ozal bar bolan desgalaryň sygymlylygyny giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. 

 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere geljekki hasylyň ygtybarly binýady boljak güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

 

Döwlet Baştutanymyz “ak altynyň” ýurdumyz üçin strategiki ähmiýete eýedigini nygtap, pagta ýygymyny gysga wagtda we ýitgisiz geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin möwsümde ulanylýan tehnikalara gije-gündüziň dowamynda serwis hyzmaty guralmalydyr, şeýle hem mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagta ýygymçylarynyň öndürijilikli zähmeti hem-de dynç almagy üçin zerur şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

 

Ekin meýdanlarynyň suwaryş suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, suw hojalygy pudagyna häzirki zaman suw tagşytlaýyjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda degişli tabşyryklar berildi. 

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmäge—Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawody gurmaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” we Türkiýe Respublikasynyň “Rönesans Türkmen” kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda degişli Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. 

 

Wise-premýer şeýle hem 27-nji awgustda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň III mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Duşuşygyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge hem-de söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika ulgamlarynda, himiýa senagatynda, dokma pudagynda, oba hojalygynda, medeniýet, bilim, sport, saglygy goraýyş, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler girizildi. 

 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet energetika syýasatynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň baý ýangyç serişdelerini netijeli ulanmaga gönükdirilendigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, ilatymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly işewür toparlar bilen, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän gazy gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleri gurmak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýurdumyzyň uzakmöhleitleýin strategiki hyzmatdaşy bolan Hytaý bilen dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtap, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegleriniň netijesinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigini, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyny aýtdy. 

 

Döwlet Baştutanymyz taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklaryň uly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk medeni çäreleri guramak işi hem giňden ýaýbaňlandyryldy. “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy we konserti geçiriler. Mundan başga-da, maslahatlary, sergileri, dabaralary, konsertleri we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. 

 

Şu ýylyň 22-25-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi. Onuň çäklerinde doganlyk ýurduň uly döredijilik wekiliýeti Aşgabatda we Mary welaýatynda konsertler bilen çykyş eder. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýäniň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar, iki ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň iş duşuşyklary we beýleki bilelikdäki çäreler geçiriler. Türk wekiliýetiniň agzalary “Gadymy Merw” döwlet goraghanasynyň ýadygärliklerine, Mary şäheriniň we türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerlerine baryp görer. 

 

Wise-premýer Aşgabatda Ýadygärlikler toplumynda alnyp barylýan işler we medeni-taryhy merkezi hökmünde onuň işini ýola goýmak boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi. 

 

Işjeň gumanitar gatnaşyklar, sungat festiwallary, döredijilik we ylmy alyşmalar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu gatnaşyklaryň many-mazmunynyň köpugurly hyzmatdaşlygyň ruhy ýagdaýyny kesgitleýändigini belledi. Milli Liedrimiz däp bolan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny baýlaşdyrmaga ýardam etjek Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmek barada anyk görkezmeleri berip, medeniýet ulgamynda ysnyşykly halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak babatdaky işiň möhüm ugurlaryny kesgitledi we gatnaşyklary ösdürmäge täze çemeleşmeleri ulanmagy, sungat ugry boýunça hyzmatdaşlyga ýaş döredijilik işgärlerini işjeň çekmegi tabşyrdy. 

 

Döwlet Baştutanymyz ilkinji güýz baýramy bolan Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan medeni we beýleki dabaraly çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Ýadygärlikler toplumynyň işine degişli anyk tabyşyryklar berildi. 

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

 

Wise-premýer täze okuw ýylynda 2900-den gowrak bilim-terbiýeçilik edarasynyň, şol sanda 1808 orta mekdebiň, 972 çagalar bagynyň, 64 başlangyç hünär okuw mekdebiniň we 40 orta hünär okuw mekdebiniň hereket etjekdigini aýtdy. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli orta mekdepleriň 59-sy we çagalar baglarynyň 20-si, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, saglygy dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler. 

 

Ýurdumyzyň ähli bilim-tebiýeçilik edaralarynda abatlaýyş işleri geçirildi, olar zerur bolan mebeller we enjamlar bilen üpjün edildi. Täze okuw ýylynda 1-nji synpa okamaga 113 müňden gowrak okuwçy geler. Olar üçin şahsy kompýuterler satyn alyndy we mekdeplere paýlandy. Okuwçylary okuw lybaslary we beýleki esbaplar bilen üpjün etmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy. 

 

Täze okuw ýylynyň bosagasynda ýurdumyzyň şäherlerinde we etraplarynda bilim ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly okuwlar geçirilýär. Olaryň barşynda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek bilen baglanyşykly wezipeleriň çözülişi, okuw maksatnamalarynyň mazmunyny, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmegiň, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. 

 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, bu meselä berk gözegçilik etmegiň, bilim-terbiýeçilik edaralaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini okuw-gollanma edebiýaty bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. 

 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belläp, bu özgertmeleriň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berjekdigini, ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almak üçin ähli şertleri döretjekdigini nygtap, wise-premýere ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň täze okuw ýylyna taýýarlygy baradaky meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

 

Soňra gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow çykyş etdi, ol, hususan-da, milli dokma senagatynyň önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

 

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan pudagy döwrebaplaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns berilmegi netijesinde, Türkmenistanda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylan täze dokma kärhanalary bina edildi, dokma önümleriniň görnüşleri artdyrylýar, täze iş orunlary döredilýär. 

 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini we ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň telekeçileriniň işjeň gatnaşmagynda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda we Daşoguz welaýatynda häzirki zaman hususy pagta egiriji kärhanalary gurmak baradaky teklipler hödürlenildi. 

 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dokma senagatynyň uly kuwwatlyklara eýedigini we ony netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtamak bilen, bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge hususy kärhanalary has işjeň çekmegiň, ýurdumyzyň telekeçileriniň mümkinçiliklerini önümçilik pudaklarynda netijeli peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, pudaklaýyn desgalary gurmak boýunça, şol sanda dokma senagatynyň desgalaryny bina etmekde ýerli kompaniýalaryň arasynda bäsleşik geçirilmelidir. Şol desgalaryň ulanmaga berilmegi sebitlerde senagat düzümleriniň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer. Şeýle kärhanalar çig maly birža söwdalarynyň üsti bilen alyp bilerler. 

 

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere birnäçe tabşyryklar, şol sanda garamagyndaky desgalaryň gurluşygynyň barşyna we soňra olaryň göwnejaý ulanylmagyna degişli anyk görkezmeler berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasayr M.Artykow şu ýylyň 27-29-njy awgusty aralygynda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmengurluşyk-2014” atly halkara sergisine hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahatyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, edara-kärhanalarynyň we telekeçileriniň 220-den gowragy bu çärä gatnaşmaga isleg bildirdi. Giň möçberli sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurluşyk pudagynda, jemagat hojalygy ulgamynda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleri, häzirki zaman şäher gurşawynyň döwrebap keşbini kemala getirmek bilen baglynyşykly taslamalar görkeziler. Ylmy maslahatyň gün tertibine binagärlik we gurluşyk ulgamyndaky täzeçillikler, ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmegiň geljekki ugurlary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar bilen baglanyşykly meseleler giriziler. 

 

Şeýle hem wise-premýer Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň gurluşygyna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Esasan-da, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin maslahat beriji kompaniýany seçip almak boýunça geçirilen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada aýdyldy. Täze awtomobil ýolunyň başlanjak ýeri bolan Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde gurulmagy göz öňünde tutulýan awtomobil köprüsiniň taslamalary we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. 

 

“Türkmengurluşyk-2014” halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly halkara ylmy maslahaty baradaky meselä degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl yzygiderli geçirilýän bu çäräniň geriminiň giňelýändigini we abraýynyň ýokarlanýandygyny, oňa diňe bir ýurdumyzyň iri önüm öndürijileri däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletleriniň öňdebaryjy kompaiýalarynyň, işewür toparlarynyň wekilleriniň gyzyklanmalarynyň artýandygyny belledi. 

 

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň we senagatynyň gazanýan üstünliklerini, ýeten derejesini görkezmekde, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän gurluşyk senagatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrmakda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýygjam aragatnaşyklary pugtalandyrmakda serginiň we maslahatyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag ugrunyň möhüm bölegi bolup durýan täze awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýol gurluşygynda, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda, ýollaryň yşyklandyrylyşynda, zerur bolan aragatnaşyk ulgamlary çekilende iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

 

Türkmenistanyň amatly ýerleşmeginiň özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini şertlendirýändigini nygtap, milli Liderimiz döwrebap ulag düzüminiň kemala getirilmegi üçin ägirt uly serişdeleriň goýulýandygyny, milli ykdysadyýetimiziň has-da okgunly ösüşi üçin pugta binýadyň döredilýändigini, ýurdumyza maýa goýumlary çekmegiň barha işjeňleşýändigini belledi. 

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow şu ýylyň 10-njy sentýabrynda Aşgabatlda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-belarus işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu çäre Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen geçirilýär. 

 

Bu maslahata nebitgaz, energetika, gurluşyk pudagy, saglygy goraýyş, bilim, ulag toplumy, oba hojalygy we azyk senagaty üçin zerur bolan enjamlary öndürýän belarus kärhanalary gatnaşar. 

 

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza 2014-nji ýylyň 25-30-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde belarusly önüm öndürijileriň önümleriniň ýarmarkasyny geçirmek hakynda habar berdi. 

 

Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini we daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda halkara işewür gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bilelikdäki çäreleriň, şol sanda maslahatlaryň, sergileriň we ýarmarkalaryň guralmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylaryň arasynda işjeň maglumat alyş-çalşyny, şeýle-de, ugurdaş kärhanalaryň, kompaniýalaryň we pudak edaralarynyň derejesindäki gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek işleriniň täze hyzmatdaşlaryň çekilmegini şertlendirmegini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere türkmen-belarus işewürler maslahatynyň we belarus harytlarynyň ýarmarkasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýolunyň ugrunda döwrebap aragatnaşyk ulgamyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

 

Wise-premýer häzirki wagtda demir ýoluň şu böleginde aragatnaşyk sütünlerini hem-de aralyk menzillerinde aragatnaşyk enjamlaryny gurnamak işleriniň dowam edýändigini habar berdi. Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýolunyň aragatnaşyk serişdelerine bolan talaplaryny üpjün edip biljek ýokary hilli döwrebap aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we ony şu ýylyň noýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Munuň özi ýük daşalmagyny we ýolagçy gatnadylmagyny talabalaýyk amala aşyrmaga mümkinçilik berer. 

 

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýolunyň ugrunda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini habar berdi. 

 

Häzirki wagtda Balkanabat şäherinde demir ýol menziliniň täze döwrebap binasynyň gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu desgany şu ýyl ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamda Türkmenistanyň başyny başlan we durmuşa geçirýän iri sebit hem-de halkara ähmiýetli taslamalaryny nazara almak bilen, demir ýol pudagynyň ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwrebap aragatnaşyk ulgamyny gurmak hem-de Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoluny düýpli abatlamak boýunça işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, umuman, pudagy has-da ösdürmäge degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

22.08.2014

 

 

 

Esasy