Kişinýewde türkmen-moldowan syýasy maslahatlary geçdi.

Kişinýewde Türkmenistanyň we Moldowa respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlar bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar esasan Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynyň aýagyna bellenen resmi saparynyň taýýarlyk meselelerine üns berdiler. 

Şeýle-de, syýasy, söwda-ykdysady we medeni –guminitar ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle-de, halkara gatnaşyklaryň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň  meselelerine  seredildi.

Şol gün Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaý Timoftä ynanç hatlaryny gowşurdy diýlip, moldowan prezidentiniň metbugat gullugynyň habarynda habar berilýär.

Döwletiň ýolbaşçysy Nurberdi Amanmyradowa onuň diplomatiki işinde üstünlikleri arzyuw etdi we moldowan-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşmagyna ynam bildirdi.

Bu duşuşykda birnäçe, şol sanda energetika pudagynda bilelikdäki taslamalaryň ara alyp maslahatlaşylmagyny geçirmegyň ylalaşygy gazanyldy. Nikolaý Timofti bu ara alyp maslahatlaşmalaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň  öňde duran Kişinýewe saparynyň barşynda dowam etdiriljekdigini belledi. 

 

 

Esasy