Gözegçilik işi

esasy

 

 

Gözegçilik işleri

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça işleriň netijeliliginiň esasy gurallarynyň biri, gözegçilik işidir.

 

Gulluk öz işinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen, pul serişdeleri we gaýry emläkleri bilen amallary we geleşikleri amala aşyrýan taraplaryň maglumatlary toplanylmagy, gaýtadan işlenilmegi we şübheli hem-de hökmany gözegçilige degişli amallary we geleşikleri barada hasabat  berilmegiň çäklerindäki kanunçylygyň talapalaryny berjaý edilişine gözegçilik edýär.  

 

Gulluk we beýleki döwlet edaralary jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça kanunçylyk binýadynda bellenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde maliýe serişdeleri we gaýry emläkleri bilen amallary we geleşikleri amala aşyrylyşyna, müşderini (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlanyşyna gözegçilik edýärler. Olaryň belli bir sebäple görä amallary ýa-da geleşikleri wagtlaýynça togtatmaga, olary geçirmekden ýüz döndürmäge we hasaby doňdurmaga mümkinçiligi bar, şeýle hem hereket etmegiň netijesinde alnan maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün edýärler we içerki gözegçiligi amala aşyrýarlar.     

 

Gullugyň gözegçilik işleriniň esasy ugurlary şulardyr:

 

1. Gözegçilik edaralarynyň işini we Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmek babatda olar bilen özara hereketi utgaşdyrmak;

 

2. Pul serişdeleri we gaýry emläkleri bilen amallary geçirýän, gözegçilik häsiýetli ýokary guramalary bolmadyk edaralarynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmek babatda kanun bozulmalaryň öňüni almak we duýdurmak maksady bilen barlamak;

 

3. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatda ýerine ýetiriji häkimiýet we prokuratura edaralary, jemgyýetçilik birleşmeleri we başga guramalar bilen özara hereket etmek.

 

 

Gulluk öz işinde, gözegçilik häsiýetli ýokary guramalary bolmadyk edaralary tarapyndan Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatdaky kanunçylygyň talaplaryny ýerine ýetirilişiniň barlagyny amala aşyrýar.

 

Gullugyň gözegçilik işleriniň esasy maksady, guramalary we olaryň ýolbaşçylary tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatdaky kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişinde bozulmalarynyň öňüni almak.

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatdaky kanunçylygyň bozulmalarynyň öňüni almak üçin, Gulluk prokurotura we beýleki döwlet edaralary bilen ýakyn aragatnaşyklary saklaýar.

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişinde  bozulmalar üçin kanunçylyga laýyklykda jogapkärçilik göz öňünde tutulýar. 

 

 

esasy