gulluk

Esasy

 

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullugy

 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy 2018 ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen döredildi. Bu gulluk administratiw görnüşine eýedir.

 

 

Gulluk öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny we öz Düzgünnamany goldanýar.

 

 

Gulluk öz işinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ugry boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralary we guramalary, daşary ýurtlaryň ygtyýarly edaralary, halkara we hökümetara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar.

 

 

Gullugyň ýolbaşçylygy başlyk ýerine ýetirýär we ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.    

 

 

 

 

 

Esasy